Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär
Jemgyýet
Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär
Çap edildi 30.04.2024
3340

Şu günler Aşgabatda okuw maslahaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar. Okuw maslahatynyň çäklerinde birnäçe mejlisler geçiriler. Olaryň birinjisi nagt-wauçer kömeginiň maksatnamasy barada umumy düşünjeleriň, beýleki ýurtlaryň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň hereketleriniň meýilnamalary bilen tanyşdyrylmagyna bagyşlanar.

1926-njy ýylda döredilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara hereketine ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýändigini bellemek gerek. Ol ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, döwletimizde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere, hususan-da, raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, maşgala institutynyň derejesini berkitmek, ýaş nesli halkymyzyň iň gowy däpleri, ynsanperwerlik we rehim-şepagatlylyk ruhunda terbiýelemek ýaly ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işlere işjeň gatnaşýar. Bilelikdäki işler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga, jemgyýetiň işgärleriniň hem-de meýletinçileriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär.

Şu ýylyň ýanwarynda Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde “Watansöýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgeleri” atly wagyz-nesihat çäresiniň geçirilendigini bellemek gerek. Oňa TGÝMJ-niň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde TGÝMJ-niň iri halkara guramalar we düzümler, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, işewürlik duşuşyklaryny, okuw çärelerini geçirmek boýunça meýilnamalar, “Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça 2024 — 2026-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň” amala aşyrylyşy barada maglumatlar diňlenildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň adamyň bähbitleriniň we hukuklarynyň goraglylygyny döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde yglan edip, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak esasynda degişli resminamalary ýerine ýetirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerýändigini nygtamak gerek.


Soňky habarlar
04.06
«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
03.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.06
Ýurdumyzda bugdaý oragyna badalga berildi
03.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
02.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.06
“Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” tassyklanyldy
02.06
“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy
02.06
Ykdysady we ruhy galkynyşyň belent sepgitlerine tarap
top-arrow