Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
Çap edildi 09.09.2025
2574

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda uly dabaralar bilen bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de halkymyz üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri üpjün etmek maksady bilen, özleşdirilen maýa goýum serişdeleriniň hasabyna biz ýurdumyzda obalary, ýaşaýyş jaýlaryny, köp sanly mekdepleri, çagalar baglaryny, awtomobil ýollaryny, gaz we suw geçirijileri, elektrik üpjünçilik ulgamlaryny, beýleki durmuş maksatly desgalary açyp ulanmaga berýäris. Watanymyzyň ösüşine gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleri ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýändigini görkezýär.

Eziz watandaşlar!

Dabaraly pursatlara baý, kalbyňda hoşniýetlilik duýgularyny oýarýan bereketli güýz günlerinde biz siziň bilen ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolýarys. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynda 400 sany ýaşaýyş jaýyndan, geňeşligiň edara binasyndan, saglyk öýünden, 640 orunlyk orta mekdepden, 320 orunlyk çagalar bagyndan, söwda merkezinden ybarat binalary ulanmaga berýäris. Bu günki ulanmaga berýän täze obamyz adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda ýene bir möhüm ädim bolar. Biz ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli strategiýadan ugur alyp, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň, dynç alyş merkezleriniň we seýilgähleriň gurluşygyny geljekde hem dowam etdireris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny öz durmuşynda görýär. Baýramçylyk günlerinde ulanmaga berilýän täze, döwrebap obalary, şäherçäni, durmuş maksatly binalary synlamaga göz gerek. Halkara ölçeglere laýyk gelýän şeýle gurluşyk taslamalarynyň türkmen gurluşykçylarynyň güýji bilen ýerine ýetirilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.

Biz halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçli depginler bilen dowam etdireris. Häzirki döwürde amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalaryň, özgertmeleriň ählisi her bir adamyň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini göz öňünde tutýar.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Sizi we ähli halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
01.02
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar
01.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
30.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
30.01
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
29.01
Giň gerimli gurluşyklar — milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň, halkyň abadan durmuşynyň nyşany
28.01
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
27.01
Watanymyzyň durnukly ösüşiniň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
27.01
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine
26.01
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow