Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 18.04.2024
1707

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlap, iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmek, olaryň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz nobatynda, dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli arzuwlar, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Angola Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň ähli halkyna rowaçlyk, bagtyýarlyk, giň gerimli özgertmeleriň ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmek, türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak oňyn özgertmeleriň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, durmuş syýasatynyň esasy meselelerine aýratyn üns çekildi. Şol syýasatyň çäklerinde ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, beýleki ugurlarda özgertmeler amala aşyrylýar.

Diplomata ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäklerinde Mejlisiň alyp barýan işi we düzümi barada gürrüň berildi. Özara düşünişmegi, ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara dialogy giňeltmek maksady bilen, ysnyşykly parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýa öz tarapyndan däp bolan dostlukly gatnaşyklary ynanyşmagyň we birek-birege hormat goýmagyň esasynda mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


* * * 


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Angola Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Auguştu da Silwa Kunýany Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek baradaky çözgüt kabul edildi. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni mynasyp ýerine ýetirjekdigine ynamly bolmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden jenap Auguştu da Silwa Kunýany hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan aýtjak ähli sözlerine, aýratyn-da, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy we Türkmenistana abadançylyk, rowaçlyk, iki halkyň dostlugynyň pugtalandyrylmagy baradaky hoşniýetli arzuwlarymy beýan edende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Žuan Manuel Gonsalweş LOURENSU,

Angola Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
25.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
25.05
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady
25.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
24.05
M.N.Aýazow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.05
Mizemez dostlukdan nyşan
24.05
Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär
23.05
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
23.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
23.05
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
top-arrow