Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
Jemgyýet
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
Çap edildi 17.04.2024
4537

Mary şäheriniň Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy bolup, ähli amatlyklary bolan iki gatly, kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi. Ýakyn geljekde olaryň jemi 200-sini gurmak meýilleşdirilýär.

Welaýatyň edara ediş merkeziniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän täze ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasyna ynanyldy.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzy abadan durmuşda ýaşatmagy, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagy, her bir maşgalany döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegi durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi. Ýurdumyzda köp gatly binalar bilen bir hatarda, ähli amatlyklary bolan kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň hem gurulýandygyny bellemek gerek. Munuň özi raýatlaryň isleglerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýyny saýlap almak mümkinçiliklerini artdyrýar.

Diýarymyzda gurulýan ähli täze binalarda bolşy ýaly, kottejler hem ýaşaýjylar üçin ýokary amatlyklar, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň aýratynlyklary göz öňünde tutulyp bina edilendir. Jaýlaryň mellek ýeri bolup, onda ekerançylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak, çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin mümkinçilikler bar. Her kottejde giň otaglar, ýerzemin we awtoulaglar üçin jaý göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem daşarky suw, tebigy gaz, elektrik geçiriji, aragatnaşyk ulgamlary çekilen. Bu ýerde türkmen halkynyň milli däp-dessurlary esasynda baýramçylyk çärelerini geçirmek, myhman kabul etmek, toý tutmak, sadaka bermek we beýleki baýramçylyklary bellemek üçin zerur şertleriň döredilendigini nygtamak gerek.

Her jaýda täze göçüp gelen maşgalalaryň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary ýygnanyp, şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Şanly waka mynasybetli milli dessurlar berjaý edildi, täze jaýlarda saçaklar giňden ýazylyp, gelin we jaý toýlary tutuldy.

Asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, häzirki döwürde-de milli däp-dessurlarymyz ruhy-medeni köklerine, gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegini düzýär.

Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalar we açylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän uly aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalaryň döwletimiziň häzirki döwürdäki okgunly ösüşlerini alamatlandyrýandygyny bellediler.

Soňky habarlar
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
24.11
Türkmenistan möhüm ulag-logistika we aragatnaşyk köprüsi hökmünde ornuny berkidýär
24.11
Halkara hukuk ýylyna hem-de BMG bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing
24.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
23.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow