Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
Ykdysadyýet
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
Çap edildi 17.04.2024
902

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen bölegine bäş sany halkara güwanama gowşuryldy.

Şularyň hatarynda: 

– Ýaponiýanyň «NEC Telekommunikasion Ltd.» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin» atly halkara güwänamasy;

– Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň«Ýokary tizlikli ýoluň wideo gözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamasy;

– Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy;

– Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartlaryna laýyk gelýändigi» barada barada halkara güwänamasy;

– Awstriýanyň «Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE)» kompaniýasynyň «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň metodiki gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» barada halkara güwänamasy.

Bu gün sebit we ählumumy multimodal ulag ulgamyna Türkmenistanyň işjeň goşulyşýandygyny, ýurduň geoykdysady mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň çäklerinde öňdengörüji başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýan möhüm taryhy waka bolup geçýär. 

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat – Tejen birinji böleginiň birnäçe abraýly halkara güwänamalaryna eýe bolandygyny bellemek gerek.

Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen bölegine şu halkara güwänamalaryň gowşurylmagy bu awtomobil ýolunyň gurluşygyndan başlap, häzirki zaman çözgütleriň ornaşdyrylyşyna çenli tutuşlygyna innowasion desga bolup durýandygyna güwä geçýär.

Soňky habarlar
22.05
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
22.05
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
22.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
22.05
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
22.05
Metbugat habary
22.05
Sagdyn we bagtyýar çagalar — Watanymyzyň beýik geljeginiň kepili
21.05
Watanymyzyň mukaddes tugunyň astynda ösüşiň täze sepgitlerine tarap
21.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna bardy
top-arrow