Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 320 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 320 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 15.04.2024
3551

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Maltanyň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, binýatlyk ýagy hem-de gaplaýyş plýonkasyny satyn aldylar. Türkiýäniň, Owganystanyň, Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. 

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine nah ýüplük, şeýle hem buýan köküniň çaý ergini ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 320 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin float list aýnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 3 million 599 müň manatdan gowrak boldy.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow