Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 06.04.2024
411

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 8-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, şeýle hem energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak, gidrometeorologiýa işi, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak bilen baglanyşykly Kanunlar bar. Şunuň bilen birlikde, hukuk namalarynyň birnäçesi kämilleşdirildi. Häzirki wagtda iş toparlarynda dürli ulgamlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri 11 duşuşyk geçirildi, şol sanda daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 4-si kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, milli parlamentiň deputatlarynyň we hünärmenleriniň kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 25-sine gatnaşandyklary barada habar berildi. Mejlisiň wekilleri daşary ýurtlara iş saparlarynyň 7-sini amala aşyrdylar. Şu döwürde Mejlisde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny” atly birinji duşuşygy geçirildi. Deputatlar döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek boýunça geçirilen dürli çärelere gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Hasabat döwründe käbir kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Şu döwürde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmegi jemi içerki önümiň durnukly ösüşini saklamaga ýardam etdi. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 8,8 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim ýokarlandy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 25,3 göterim artdy.

Wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan jemi 370 desganyň 20-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 207-sinde gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar we galan desgalarda taýýarlyk işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen üç aýda gazanylan üstünliklere esaslanyp, geljekde-de jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagyň, önümçilik pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Döwlet býujetiniň girdejiler meýilnamasyny doly ýerine ýetirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksatlaýyn harçlanmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygy bellenildi. Ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet bermek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 102,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy hem 100 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 109,4 göterime deň boldy. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem nebit we gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermekde gazanylan tehniki ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň, tebigy gazyň çykarylyşyny, eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanyp, nebiti gaýtadan işlemegiň, nebit önümlerini öndürmegiň meýilnamalaryny doly ýerine ýetirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 121,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 145,4 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 117,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 137,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 196,5 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 110,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 112,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 132 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101,5 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 270,9 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, gowaça ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Owlak-guzy, köşek almak boýunça möwsümleýin işler guramaçylykly dowam etdirilýär. Oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmak boýunça degişli çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini netijeli alyp barmagyň, gowaça ekişini hem agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli tamamlamak üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şunda maldarçylykda owlak-guzy almak boýunça möwsümleýin işlere-de jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleri netijeli dowam etdirmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda işleri netijeli alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlary hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde gurluşyk-senagat toplumynda öndürilen önümleriň we işleriň meýilnamasy 121,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 102,7 göterim, Energetika ministrligi boýunça 114,4 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 100,8 göterime barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 152,8 göterim, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça meýilnama 115,1 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 113 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat we gurluşyk toplumyna degişli birnäçe iri desgalaryň, ýaňy-ýakynda bolsa Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň işe girizilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Bäherden sement zawodynyň gurluşygynyň hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny, bu desgalaryň gurulmagynyň Diýarymyzy ykdysady taýdan ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere täze kärhanalary işe girizmek, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda we dokma toplumynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň telekeçilik ulgamynyň 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 103,8 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,4 göterime, Dokma senagaty ministrligi boýunça nah matalaryň önümçiligi 106,5 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 103,3 göterime, gön önümleriňki hem 109,5 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,6 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýylyň başyndan bäri birža söwdalarynyň 74-si geçirilip, 6 müň 867 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 108,3 göterim ýerine ýetirilip, sergileriň 3-si, maslahatlaryň 30-sy geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň üç aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,6 göterime, senagat önümleriniňki 107,2 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de ilat üçin ilkinji nobatda zerur bolan beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi we dokma kärhanalaryny netijeli dolandyrmak, öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini, möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu ugurda degişli tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz birža söwdalaryna halkara tejribede ulanylýan söwda usullaryny giňden ornaşdyryp, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işlerini döwrebap guramagyň möhümdigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni, milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, sergiler, wagyz-nesihat çäreleri, aýdym-sazly dabaralar, çeper we dokumental filmleriň görkezilişi boldy. Şunuň bilen bir hatarda, ozal yglan edilen bäsleşikleriň jemleri jemlenildi, ýeňijileri sylaglamak dabaralary guraldy. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň birnäçesinde, şol sanda Ermenistanda we Fransiýada iş saparynda boldular.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda konsert, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri, fotosergiler, döwlet we milli muzeýleriň ýolbaşçylarynyň forumy guraldy. Şu ýylyň birinji çärýeginiň esasy çäreleriniň hatarynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty hem-de “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahatyny görkezmek bolar.

Şeýle hem hasabat döwründe teatrlaryň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada aýdyldy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler we amala aşyrylýan özgertmeler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň guramaçylykly geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljekde-de meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýelemäge, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, okuw kitaplarydyr gollanmalaryň mazmunyny baýlaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Halkara ders we internet bäsleşiklerinde ýokary netijeler gazanyldy. Dürli bilim, döredijilik bäsleşikleri, olimpiadalar, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününe gabatlanyp, Arkadag şäherinde guralan mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy hem möhüm ähmiýetli waka boldy.

Şu ýylyň birinji çärýeginde ylym ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi döredildi. Doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalary goralyp, ylmyň ugurlaryna aspirantlary, doktorantlary kabul etmek, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak boýunça işler ýerine ýetirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli operasiýalar edildi. Bu gaznanyň döredilen güni mynasybetli “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi” atly maslahat geçirildi.

Hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler hem dowam etdirildi. Iýul aýynda geçiriljek Olimpiýa hem-de awgust-sentýabr aýlarynda geçiriljek Paralimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlarymyzy taýýarlamak işleri alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmek üçin degişli işler amala aşyryldy. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynda jemi 97, şol sanda 34 altyn, 29 kümüş, 34 sany bürünç medala mynasyp boldular.

Özara tejribe alyşmak, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň wekilleri daşary ýurtlara ugradyldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleriň alnyp barlandygyny belledi. Ýokary bilim ojaklarynda, orta mekdeplerde halkara olimpiadalar guramaçylykly geçirildi. Hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň halkara bäsleşiklerde, olimpiadalarda gazanan üstünlikleriniň ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýändigini aýdyp, ýaşlaryň arasynda geçirilýän bu halkara çäreleri geljekde-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz mekdep okuwçylaryny, talyplary we beýleki ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine endik etdirmek üçin degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini çözmek we ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli halkara hyzmatdaşlyk ugruna berk eýermek bilen, ýurdumyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 4-5-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine, 1-nji martda bolsa üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen, Türkiýe Respublikasyna saparlary amala aşyrandygy bellenildi. Mundan başga-da, 4-5-nji aprelde Gahryman Arkadagymyz Täjigistan Respublikasynda resmi saparda bolup, Prezident Emomali Rahmon bilen gepleşikleri hem-de birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi.

Daşary ýurt wekiliýetleriniň ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyza bolan saparlary, Türkmenistanyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň birinji çärýeginde dürli derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklardyr gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti 61 sany resminama bilen ýetirildi. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak Watanymyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň özüniň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň geçen üç aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 105,4 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 101,7 göterime barabar boldy. Ýanwar — mart aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 110,2 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 164,7 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 121,4 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111 göterime deň boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulagyň ähli görnüşleri bilen ýolagçy we ýük dolanyşygyny ösdürmek, ýurdumyzyň halkara üstaşyr ulag mümkinçiligini doly ulanmak boýunça netijeli işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Bu görkeziji senagat pudagynda 4,7, ulag we aragatnaşykda 6,6, hyzmatlar ulgamynda 7,6, söwda ulgamynda 8,2 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 4,1 göterim boldy. Zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyryldy.

Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Ylym we bilim ulgamlarynda özgertmeler kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralarynyň, birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňümizdäki çärelere talabalaýyk taýýarlyk görmegiň we olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz 7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçilýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Ministrler Kabinetiniň agzalaryny hem-de ähli halkymyzy bu baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ministrler Kabinetiniň agzalary hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler hem-de döwlet Baştutanymyza we Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
03.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.05
“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi
03.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar
02.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
02.05
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.05
Türkmenistan ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
01.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
30.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.04
«Türkmenaragatnaşyk» agentligine Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmak barada HJ «Baş bina» bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
top-arrow