Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary başlandy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistana resmi sapary başlandy
Çap edildi 04.04.2024
3534

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. 

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uçary birnäçe wagtdan soň, iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Duşenbeniň Halkara howa menziline gondy. 

Bu ýerde düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Häzirki wagtda iki doganlyk halkyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, ruhy, taryhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklary täze ösüşe eýe bolýar. Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklar, şeýle hem soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň maý aýynda Täjigistana bolan döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Emomali Rahmon bilen şu gezekki duşuşygy uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Soňky habarlar
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
24.11
Türkmenistan möhüm ulag-logistika we aragatnaşyk köprüsi hökmünde ornuny berkidýär
24.11
Halkara hukuk ýylyna hem-de BMG bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing
24.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
23.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow