Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Aşgabatda halkara maslahat geçirildi
Jemgyýet
Aşgabatda halkara maslahat geçirildi
Çap edildi 27.03.2024
1043

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Dürli ýurtlar bilen bu ugurdaky üstünlikli gatnaşyklar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, ýurdumyz halkara forumlarda hem öz mümkinçiliklerini işjeň açyp görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, düýn Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, bagşy-sazandalaryň we skripkaçylaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda syýahatçylygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da belende göterýändigi, halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýandygy bellenilýär. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamy halkara syýahatçylygyň gazananlary, baý tejribesi, döwrebap ugurlary esasynda täze derejelere çykarylýar.

Ýurdumyzyň “Gadymy Merw”, “Nusaý”, “Köneürgenç” ýaly taryhy ýadygärlikleri, Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesi, «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalary, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ýerler özüniň örän irki asyrlara degişli bolan gadymy ýadygärlikleri we täsin tebigaty bilen dünýä syýahatçylygynda giňden meşhurdyr diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe syýahatçylyk ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklarynyň biri bolup durýar. Baý taryhy mirasymyzy nazara alanyňda, türkmen topragyny “açyk asmanyň astyndaky täsin muzeý” diýip atlandyryp bolar. Syýahatçylyk, netijeli dynç alyş boýunça dünýä tejribesini öwrenmek hem-de ony işjeň peýdalanmak Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň düzümleriniň kämilleşdirilmegine ýardam edýär.

Aýawly saklanýan milli mirasymyzyň özboluşlylygynyň, köp sanly arheologik ýadygärlikleriň, gadymy, antik we orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalarynyň ýurdumyza dünýäniň syýahatçylyk bazarynda barha möhüm orna eýe bolup, bu ugurda halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemek gerek. Syýahatçylyk pudagynda häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy, telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi, maýa goýumlaryň çekilmegi, ulag-kommunikasiýalar, söwda we gurluşyk ýaly beýleki pudaklaryň çeşmelerinden peýdalanylmagy hem muňa goşant goşýar.

Syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny giňeltmek we köpdürlüligini artdyrmak, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, täsirli maglumat-mahabat çärelerini alyp barmak, netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň möhüm wezipeleridir. Şeýle hem Türkmenistanyň täsin tebigy künjeklerini we gözel ýerlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek, myhmanhana, dynç alyş infrastrukturasyny ösdürmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň syýahatçylarynyň gadymyýet bilen döwrebaplygyň sazlaşygyny emele getirýän, täsin tebigaty bolan ýerlere taryhy gezelençleri guramaga barha artýan islegini kanagatlandyrýar. Bu babatda meşhur gezelençler Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça amala aşyrylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň myhmanlaryny ajaýyp ýadygärlikleri we arheologlaryň täsirli açyşlary bilen tanalýan, şol bir wagtyň özünde henizem doly çözülmedik syrlary bolan Gündogaryň ajaýyp siwilizasiýasy — Margiana bilen tanyşlyk özüne çekýär. “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Köneürgenç şäherine we beýleki ýadygärliklere gezelençler daşary ýurtly syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Ajaýyplygy, täsin gözelligi bilen haýran edýän şu we beýleki ýadygärlikler ulanylýan tehniki hem-de bezeg usullarynyň ýokary derejede kämilligi bilen tapawutlanýar we müňýyllyk medeni däpleriň dowamatlylygyny görkezýär.

Maslahata gatnaşyjylar syýahatçylyk infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleri berýändigini bellediler. Döwrebap myhmanhanalaryň sany artýar, dünýä derejesindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň sanawyna girizilen Aşgabat, ajaýyp binalary bilen haýran galdyrýan Arkadag şäheri uly meşhurlyk gazandy. Ýurdumyzda syýahatçylygyň ekologiýa, bejeriş-sagaldyş, folklor-etnografik, taryhy-binagärlik, medeni-bilim, işewürlik, sport ýaly görnüşleri işjeň ösdürilýär.

Bellenilişi ýaly, tebigatyň baýlygy we köpdürlüligi, senetçiligiň asyrlarboýy dowam edip gelýän däpleri, türkmen halkynyň myhmansöýerligi, türkmen milli tagamlary Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň üstüni ýetirýär we baýlaşdyrýar. Döwlet tarapyndan türkmen hem daşary ýurtly alymlara milli taryhymyzy öwrenmek üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda taryhy-medeni mirasymyza bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar geçirilýär, syýahatçylygyň ösmegi üçin amatly gurşawy döretmäge aýratyn üns berilýär.

Daşary ýurtly myhmanlar häzirki wagtda syýahatçylyk pudagynyň üýtgäp durýan zerurlyklaryna uýgunlaşdyrylan bilim maksatnamalaryny we başlangyçlaryny kämilleşdirmäge has köp üns berilýändigini bellediler. Munuň özi ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalaryny işläp düzmegi, okatmagyň usullaryna tehnologiýalary ornaşdyrmagy, tejribäniň esasynda okuw mümkinçiliklerini ösdürmegi öz içine alýar. Şeýle-de syýahatçylyk bilimi ulgamyndaky başlangyçlaryň netijeliligini üpjün etmek üçin bilim edaralarynyň, pudagyň gyzyklanýan taraplarynyň hem-de döwlet edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň has-da ilerleýändigini görmek bolýar. Şunuň bilen baglylykda, bilimiň adaty çygryndan has giň syýahatçylyk biliminde medeni taýdan düşünişmegiň, ykdysady durnuklylygyň, jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň utgaşýandygy nygtaldy. Adamlara syýahatçylygyň inçelikleri barada bilim bermek bilen, pudagyň ösmegine möhüm goşant goşup, ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri açmak arkaly medeniýetara düşünişmegi ösdürip boljakdygyna üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, syýahatçylyk beýleki pudaklaryň köpüsi ýaly, diňe bir parahatçylykdan hem-de durnuklylykdan peýdalanman, eýsem, medeni aýratynlygy, mirasy gorap saklaýar we ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň hünärmenleri medeni aratapawudy aradan aýyrmakda möhüm orny eýeleýän araçy hökmünde çykyş edýärler. Forumda çykyş edenler bu ugurda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi jemläp, häzirki wagtda bu ulgamyň ösmegi üçin döredilen ähli şertleri göz öňünde tutup, döwletimiziň daşary ýurtlarda syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem syýahatçylyk önümleriniň ähli görnüşini öz içine aljak “Bir syýahatçylyk — tutuş sebit” atly bilelikdäki maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada pikir alşyldy.

Şeýlelikde, “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat döwletimiziň syýahatçylyk pudagynda gazananlaryny, öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalaryň häzirki zaman ösüşlerini açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Forumyň çäklerinde iş duşuşyklary geçirildi we degişli resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklar ýola goýlup, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin çuňňur hoşallyk beýan edilýär.

Forumyň çäklerinde Türkmen döwlet medeniýet institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda daşary ýurtly myhmanlar hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar üçin Arkadag şäherine, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler guralýar.

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow