Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 27.03.2024
2195

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro Morosyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Latyn Amerikasy ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi pikir alyşmalaryň mazmunyny düzdi.

Doly ygtyýarly wekil Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, onuň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy. Şunda parlament ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň iki dostlukly döwletiň arasyndaky gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga hyzmat etmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Kristofer Alberto Martinez Berroteran parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we döredijilikli başlangyçlary giň halkara goldawyna eýe bolýan Bitarap Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


* * *


Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Kristofer Alberto Martinez Berroterany Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belländigimi Size habar bermegi hormat hasaplaýaryn.

Onuň ýokary şahsy häsiýetleri meniň ynamyma mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk, Türkmenistana gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy ýetireninde, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Nikolas Maduro MOROS,

Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow