Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 27.03.2024
1205

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul etdi. Ol “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary wezipeli myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilen forumyň ähmiýetini nygtady hem-de saparyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi, şeýle hem tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, saýlap alan ösüş ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň agzasy bolup durýar we 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda biz hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladyk diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň entek doly ulanylmaýandygyny belläp, Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelýän has netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagy goldaýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Tebigy-howa şertler, uly taryhy-medeni mümkinçilikler, baý milli däp-dessurlar, täze we ýokary hilli infrastruktura üpjünçiligi milli syýahatçylygy ösdürmegiň esasy şertleri bolup durýar. Türkmenistan ençeme gezek Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeledi. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde yglan edildi we onuň köp sanly ajaýyplyklary hem dünýä rekordlarynyň kitabyna girizildi.

Türkmenistanyň gadymy döwürlerden bäri siwilizasiýalaryň merkezi bolandygyny, bu ýerden Beýik Ýüpek ýolunyň geçendigini bellemek möhümdir. Köneürgenjiň, Gadymy Merwiň we Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärlikleri türkmen halkynyň täsin medeni mirasy, gadymy geçmişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Köpetdagyň ajaýyp dag künjekleri, Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, Amyderýanyň kenarýaka zolaklary, Köýtendag, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologik syýahatçylyk üçin ajaýyp ýerlerdir.

Bellenilişi ýaly, sagaldyş we bejeriş, şypahana ulgamy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ugurdaş desgalaryň, olarda hödürlenilýän hyzmatlaryň sany yzygiderli artýar. Olar şypahana we dynç alyş syýahatçylygy üçin oňaýly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, durmuş-ykdysady taýdan ösüşi hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek üçin ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly syýahatçylygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygy nygtaldy. Onuň maksatlary Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de netijeli teklipleriň ählisine garamaga taýýardygyny tassyklap, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow