Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 26.03.2024
2650

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Gruziýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi bahar paslynyň gelmegini alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu nurana günlerde biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm ädimleriň ädiljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygymy beýan etmek bilen, işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Salome Zurabişwili,

Gruziýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi, Türkmenistanyň ähli halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Nowruz baýramy dost-doganlygyň, parahatçylygyň we jebisligiň, tebigatyň täzeden janlanmagynyň nyşanydyr. Ol türki halklaryň ýurtlarymyza asudalyk, parahatçylyk, saglyk getirýän gadymy däp-dessurydyr.

Bu nurana baýramyň Size bagtyýarlyk getirmegini arzuw edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy ýene-de bir gezek beýan edýärin.

Sultan Raýew,

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident!

Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň ýaşaýjylarynyň adyndan hem-de öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlaýaryn. Nowruz tebigatyň gaýtadan janlanmagynyň we täzelenmeginiň buşlukçysy bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Bu ajaýyp baýram nurana geljegi alamatlandyrýar.

Sizi Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin. Goý, bu bahar baýramy mähir we şatlyk paýlasyn hem-de ýakymly ýatlamalara, dostlukly söhbetdeşliklere, köňül rahatlygyna beslensin!

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, pursatdan peýdalanyp, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin!

Iň gowy arzuwlar bilen,

Ýewgeniýa Gusul,

Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad AL Tani,

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny mukaddes Oraza aýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýäniň ähli musulmanlary üçin doga-dileg edilýän hem-de sadaka berilýän şu mukaddes günlerde Beýik Biribardan bagtyýarlyk, agzybirlik, abadançylyk dileýärin.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we ösüş dileg edýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund,

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy.

Soňky habarlar
21.10
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi
21.10
Hormatly Prezidentimiziň türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
21.10
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21.10
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
20.10
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
20.10
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
19.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
19.10
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow