Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 25.03.2024
581

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişine girişildi we bu möwsümi agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň doly güýjünde işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi geçirilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümine hem taýýarlyk görülýär. Ýüpekçiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişi guramaçylykly dowam edýär. Ekişde ulanylýan tehnikalaryň we gurallaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ideg işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle hem pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürýän hojalyklar bilen şertnama baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu jogapkärli möwsümiň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we gowaça ekişine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda welaýatda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlarynyň zerur möçberi taýýar edilip, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi geçirilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi hem dowam edýär. Ýüpekçiligi ösdürmek we piläniň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin häzirki wagtda pileçi kärendeçiler bilen şertnamalary baglaşmak we beýleki taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde, ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin zerur tagallalaryň edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, ekişi bellenen möhletde we ýokary hilli geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Gowaça ekişinde ulanylýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, beýleki gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek möwsümine hem ykjam taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda pileçi kärendeçiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky hem-de desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu ugurdaky işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda ekiş möwsümini bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri alnyp barylýar, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine hem taýýarlyk görülýär. Sebitde pile öndürmek möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek, pile kabul ediş nokatlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny, bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişildi, Daşoguz welaýatynda bolsa ekişe başlamaga taýýarlyk görülýär. Gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek maksady bilen, ekiş möwsüminde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary netijeli işletmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary hem-de galla kabul ediş nokatlaryny galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Ýurdumyzda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde pile öndürijiler üçin ýüpek gurçugynyň tohumlaryny möwsüme taýýarlamak, welaýat ýüpek önümçilik birleşikleri bilen pile öndürijileriň arasynda şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki wagtda bu pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we gowaça ekişiniň guramaçylykly, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan degişli ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigine ünsi çekdi we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, pile öndürmek möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
27.04
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
top-arrow