Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasat habarlary
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 22.03.2024
499

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti jenap
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Hytaý Halk Respublikasynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň halkyna Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Şeýle-de pursatdan peýdalanyp, Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin Size hoşallygymy bildirýärin.

Geçen ýyl biz Hytaýda açyk, dostlukly we baý many-mazmunly duşuşyklary geçirdik, hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny, Hytaýyň hem Türkmenistanyň ikitaraplaýyn derejede “Bitewi ykbal bileleşigi” konsepsiýasyny durmuşa geçirýändigini bilelikde yglan etdik. Bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin täze gözýetimleri açdy.

Men özara dialogyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen iş gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary dürli ulgamlar boýunça ilerletmäge, hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrmaga, iki ýurduň halklarynyň rowaçlygy üçin Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal bileleşigini bilelikde gurmaga taýýardyryn.

Size berk jan saglyk we döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident, gadyrly doganym!

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna tebigatyň täzelenişiniň, topragyň janlanmagynyň nyşany hökmünde her ýyl bellenilýän Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Nowruz gadymy baýram bolup, bereketli günleriň ýetip gelendigini buşlaýar. Umumy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan baý many-mazmunly bu baýramda dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

2024-nji ýylyň biziň üçin täze mümkinçiliklere we üstünliklere beslenjekdigine umyt edýärin. Umumy maksatlarymyza ýetmek üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy yzygiderli pugtalandyrmaga hem-de mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygymyzy beýan etmek bilen, Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn we Size, Siziň ýakynlaryňyza, Türkmenistanyň halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk arzuw edýärin.

Ýurtlarymyzyň we tutuş sebitiň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de täze mümkinçilikleri döretmek boýunça Siziň bilen bilelikdäki tagallalara umyt edýärin.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Jozef BAÝDEN,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!

Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglarymy, şeýle hem Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlag hatyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek hormatyna eýedirin.

Hytaýyň Hökümeti hytaý-türkmen gatnaşyklaryna uly üns berýär. Geçen ýyl Siz iki gezek Hytaýda saparda bolduňyz we olaryň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin Siziň bilen netijeli duşuşyklary geçirdi.

Hytaýyň Hökümeti Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen iki ýurduň Baştutanlarynyň gazanan ylalaşyklaryny hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmäge, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyny we Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasyny utgaşdyrmak boýunça işi dowam etdirmäge, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, iki ýurduň halklarynyň rowaçlygyny ýokarlandyrmaga, Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal bileleşigini gurmaga taýýardyr.

Size berk jan saglyk, alyp barýan giň gerimli işleriňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Li SÝAN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de dünýäde iň söýülýän baýramçylyklaryň biri bolan Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Adamzadyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilen we özünde birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk däplerini jemleýän Nowruz baýramy halklaryň arasynda agzybirligi, dostlugy pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Bu baýram gününde Türkmenistanyň dostlukly halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Size, Siziň ýakynlaryňyza, şeýle hem Türkmenistanyň ähli halkyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, parahatçylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Igor BABUŞKIN,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Katar Döwletiniň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna mukaddes Oraza aýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyny arzuw edýärin.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Tamim bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw edýärin.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdulla bin Hamad AL TANI,
Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti jenap 
Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adymdan mukaddes Oraza aýy mynasybetli Size we doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Abdulrahman AL TANI,
Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, daşary işler ministri.

Soňky habarlar
27.04
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
26.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy
26.04
Türkmenistanda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
25.04
Türkmenistanyň sungat ussatlary Parižde üstünlikli çykyş etdiler
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
top-arrow