Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 05.03.2024
3048

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň ýurdumyz bilen dürli ugurlary öz içine alýan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara düzüm bilen gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu gurama bilen gatnaşyklary okgunly häsiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň 4-nji martda Aşgabatda bolan duşuşygynyň bu ulgamda netijeli dialogy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şol duşuşykda ekologiýa ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty geçirildi. Bu giň gerimli forumda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzda bu guramanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Munuň özi Türkmenistanyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda köptaraply hyzmatdaşlygy alyp barmaga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar ugrunda çykyş edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmakda ÝHHG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygy tassyklanyldy. Energetika hem geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energiýa serişdelerine baý bolmak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, olary üstaşyr geçirmek üçin syýasy, maliýe, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri durmuşa geçirmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň anyk ugurlar boýunça bu gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid ýurdumyz bilen ÝHHG-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow