Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Çap edildi 25.02.2024
2066

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Köp ýyllaryň dowamynda dürli ýokary döwlet wezipelerinde zähmet çekmek bilen, Siz ýurduňyzy yzygiderli ösdürmäge, halkyňyzyň bähbitlerini goramaga, milli strategiýalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly üns berýärsiňiz. Siziň öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Türkiýe Respublikasy häzirki wagtda sebitde hem-de onuň daşynda mynasyp hormata, abraýa eýe boldy, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar” diýlip, hatda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasy bilen strategik we uzak möhletleýin gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Ol asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan halklarymyzyň mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryna, taryhyň, diniň we diliň umumylygyna esaslanýar.

“Döwletara hyzmatdaşlygymyzy alyp barmakda biz hemişe “Bir millet — iki döwlet” diýen esasy ýörelgä esaslanýarys. Bu bolsa, öz gezeginde, Türkmenistan bilen Türkiýäniň ikitaraplaýyn derejede, şeýle-de halkara giňişlikde özara ysnyşykly hereket etmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň döwrebap derejede kämilleşýändigini bellemek guwandyryjydyr. Syýasy hyzmatdaşlygymyzyň özara düşünişmek hem-de ösüş häsiýetine eýedigini bellemek zerurdyr. Biz Türkiýäniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk daşary syýasat ugruny, öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyna ýokary baha berýäris. Biziň ýurtlarymyz ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda yzygiderli çykyş edýärler. Bu bolsa Türkmenistan bilen Türkiýäniň halkara guramalaryň çäklerinde, ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynda ygtybarly we ýakyn hyzmatdaşlygynda aýdyň ýüze çykýar” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz hatynda: “Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň işine işjeň gatnaşýandygyny bellemek isleýärin. Biz geljekde-de umumy taryha we geografik taýdan ýakynlyga esaslanýan türki halklaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýäris. Söwda-ykdysady ulgamda ýyl-ýyldan täze derejeleriň gazanylýandygyny aýtmak ýakymlydyr. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýan iň esasy ýurtlarynyň biri bolup durýar. Köp sanly türk kompaniýalary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady taslamalara gatnaşmak bilen, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmäge we durmuş maksatly taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýarlar” diýip nygtady.

Medeniýet, sungat, ylym we bilim Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýär. Bu hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi umumy medeni-taryhy mirasymyzy gorap saklamakda, dünýä ýaýmakda, türkmen we türk halklaryny ýakynlaşdyrmakda, özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkitmekde uly ähmiýete eýedir.

“Siz Türkmenistanda ýurdumyzyň hakyky dosty, parasatly, öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde tanalýarsyňyz we çuňňur hormata eýesiňiz. Zähmetiňize ýokary baha hökmünde Siz 2021-nji ýylda Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglandyňyz.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we ýaşuly nesle hormat goýmak däplerine eýerip, türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge bahasyna ýetip bolmajak şahsy goşandyňyzy, halklarymyzyň jebisligine, gülläp ösmegine gönükdirilen aladaňyzy göz öňünde tutup, şeýle hem şanly 70 ýaş toýuňyz mynasybetli, jenap Rejep Taýyp Ärdogan, Size Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyny dakmak barada karara geldik” diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, ähli türkmen halkynyň adyndan Prezident Rejep Taýyp Ärdogany bu ýokary adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.


Soňky habarlar
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hajy Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde sadaka berdi
19.06
Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Malaýziýanyň Premýer-ministri «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatа gatnaşdylar
19.06
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
19.06
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
top-arrow