Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda çap edilen makalalar giň okyjylar köpçüligini ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynda bolup geçen esasy wakalar bilen tanyşdyrýar.
Neşiriň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dördünji çärýeginde daşary ýurtlara amala aşyran saparlaryna, geçiren duşuşyklarydyr gepleşiklerine bagyşlanan makalalar bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy, Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi sapary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmagy şolaryň hataryndadyr.
Çap edilen makalalar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn ugry nazarlaýandygyny aýdyň beýan edýär. Türkmenistan sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş etmek bilen, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmeginiň bähbidine döwletler we halkara guramalar bilen netijeli dialogy işjeň ilerledýär.
Geçen ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi sapary möhüm ähmiýetli waka boldy. Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça şertnama-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi we ylalaşyklaryň gazanylmagy Ankarada ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hem saparyň maksatnamasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi bilen bagly beýan eden anyk teklipleri Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edildi. Forumyň netijeleri türkmen we türk telekeçileriniň arasynda gol çekilen birnäçe resminamalarda öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we işjeňleşdirmek meselelerinde başlangyçly orny eýeleýändigine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmagy bar bolan mümkinçilikleri we kuwwaty hasaba almak bilen, ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda birnäçe ileri tutulýan ugurlarda netijeli özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, YHG-nyň çäklerindäki köpugurly hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen teklipleri beýan etdi.
Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynda ekologiýa diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP28) gatnaşdy. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen geçiren duşuşygy hem-de “Bir guşak, bir ýol” üçünji halkara forumynyň çäklerindäki ýokary derejeli maslahata gatnaşmagy baradaky makala hem okyjylaryň dykgatyna ýetirilýär. Duşuşykda ýurdumyzyň häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýasynyň we HHR-iň “Bir guşak, bir ýol” konsepsiýasynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu strategiýa hem-de konsepsiýa döwletleriň we halklaryň abadançylygyna, gülläp ösüşine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň forumdaky çykyşynda belleýşi ýaly, bu duşuşygyň geçirilmegi önümçilik işiniň we daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, häzirki döwrüň talaplaryndan gelip çykýan ekologik howpsuzlygy üpjün etmek üçin berk binýat bolup durýar.
Žurnaldaky ýene bir makala türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitine gatnaşmagyna bagyşlanýar. Türkmenistan uzak möhletleýin geljege hem-de ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürmek bilen, türki döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýar.
“Türkmenistan dünýä metbugatynyň sahypalarynda” atly bölüminde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasy-diplomatik, ykdysady, durmuş, hukuk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gazanylan üstünlikler hem-de ýurdumyzda bolup geçen möhüm wakalar barada öz sahypalarynda beýan eden žurnallardyr neşirlere syn berýän makala ýerleşdirilipdir. Ýurdumyzyň we daşary ýurtly awtorlaryň Türkmenistanyň dostlukly döwletler bilen gatnaşyklaryna, şol sanda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” forumynyň hem-de «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” dialogynyň çäklerindäki gatnaşyklaryna bagyşlanan makalalary hem okyjylarda gyzyklanma döreder.
“Hyzmatdaşlyk” bölüminde ýurdumyzyň halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem okyjylara Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji, ykdysady, ynsanperwer we serişde kuwwatyny herekete getirmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilen başlangyçlaryna aýratyn üns çekýän makala hödürlenilýär.
Žurnalyň ýene bir bölüminde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesinde işlän Togan Oralyň iki doganlyk halkyň taryhy umumylygyna daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bagyşlanan makalasy ýerleşdirilipdir. Taraplaryň özara hoşmeýilli erki hem-de bar bolan uly kuwwaty köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.
Merkezi Aziýa halkara institutynyň bölüm başlygy Daniýar Kurbanowyň “Özbegistan — Türkmenistan: strategik hyzmatdaşlygyň ýeten sepgitleri we geljegi” atly makalasy hem okyjylaryň ünsüni çeker. Makalada bellenilişi ýaly, umumy taryhy, medeniýetiniň meňzeşligi we gelip çykyşynyň ýakynlygy bilen baglanyşýan Türkmenistan hem-de Özbegistan özara hormat goýmak, ynanyşmak, birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda dostlukly gatnaşyklary alyp barýarlar, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler.
Lukmançylyk diplomatiýasy hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy barada makala ýerleşdirilipdir. “Döretmegi ugur edinmek: ýurdumyzyň daşary syýasatyny ilerletmekde ýaşlaryň barha artýan orny” atly makalada Watanymyzyň we halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen innowasion taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge uly goşant goşýan ýaş nesilleriň öňdebaryjy orunlara çykýandygy bellenilýär.
Žurnalyň nobatdaky sany “Diplomatik durmuşyň senenamasy” atly bölüm bilen tamamlanýar. Bu bölümde 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginiň wakalary, geçirilen dürli derejedäki duşuşyklar, gepleşikler, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, hökümetara toparlaryň mejlisleri we beýlekiler gysgaça syn bermek arkaly beýan edilýär.