Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Çap edildi 20.02.2024
1362

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Hindistanyň dostlukly Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz hanym Madhumita Hazarika Bhagaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça möhüm işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Hindistan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Hindistan Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwletlerimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürip, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Halkara giňişlikde öňe sürülýän oňyn başlangyçlara berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan we Hindistan söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara bähbitli gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, täze durmuş we önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berer. Saglygy goraýyş ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Köp ýyllaryň dowamynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Derman serişdelerini bilelikde öndürmek boýunça hindi kompaniýalary bilen alnyp barylýan netijeli işler munuň aýdyň mysalydyr.

Ynsanperwer ulgamdaky — ylym, bilim, medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taraplar bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ýaşlarynyň Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary, ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim ojaklarynyň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi diliniň öwredilýändigi bellenildi. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda biziň halklarymyzyň baý taryhy we medeni mirasynyň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet günleriniň, sergileriň we ylmy maslahatlaryň geçirilmegine möhüm orun degişlidir. Munuň özi medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna, umuman, türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant goşýar.

Diplomat mähirli kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

***

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Belent mertebeli we gadyrly dostum!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men Hindistanyň hormatly raýaty hanym Madhumita Hazarika Bhagaty Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ukyp-başarnygy öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni Siziň ynamyňyza we meniň goldawyma mynasyp derejede üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, ony Size mahsus bolan hoşniýetlilik bilen kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn-da, Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym we tüýs ýürekden dostlugym baradaky sözlerimi beýan edende, oňa ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

Draupadi Murmu,

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow