Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýylyň başyndan bäri Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda alnyp barlan işler hakynda aýdyldy. Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, gurlup ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalar barada-da habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda aýdyň beýanyny tapan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyny we Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň nazaryýet, söweşjeň taýýarlygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek maksady bilen, şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi, olaryň işinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanun bozulmalarynyň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça çäreleriň görülmeginiň bu düzümiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtady. Öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak möhüm talaplaryň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Baş prokurora degişli görkezmeleri berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow N.Allanazarowy Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada habar berdi.
IIM-niň ýolbaşçysy işgärleriň netijeli gullugy we göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleri döretmek babatda durmuşa geçirilen anyk çäreler barada hasabat bermek bilen, geçen aýda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ministrligiň düzümindäki gulluklar üçin edara binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň açylandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, işiň täze usullaryny ornaşdyrmagyň, sanly ulgamy giňden ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, ýangyna garşy göreş kadalaryny berjaý etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi we ministre degişli tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de kazyýet edaralarynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylandygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň ähli ulgamlaryny özüne birleşdirýän döwlet goragynyň netijeli guraly hökmünde bu edaranyň möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunda kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri, şertleri aradan aýyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz işgärler düzümini berkitmegiň wajypdygy barada aýdyp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ministrligiň ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň gazananlaryny ygtybarly goramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp baran işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, onuň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, gündelik işe täze tehnologik işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň zerurdygyny belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda alnyp barlan toplumlaýyn çäreler hakynda aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini dost-doganlygyň serhetleri diýip yglan etmek bilen, Türkmenistanyň ähli döwletler, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen netijeli we oňyn gatnaşyklary saklaýandygyny belledi. Bu düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy, dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.
Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ilata düşündirmek bilen bagly geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagyň wajypdygy bellenildi. Türkmenistanlylaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ministre birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümiň ýylyň başyndan bäri amala aşyran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gullugy täze tehnikalar bilen üpjün etmek we onuň işgärler kuwwatyny berkitmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäginden geçirilýän ýükleriň möçberiniň artýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyklykda gözden geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz gullugyň geljek üçin iş meýilnamasynyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow hasabat döwründe amala aşyrylan, degişli düzümiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, raýatlarymyzyň bähbitlerini, howpsuzlygyny üpjün etmegiň, olaryň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda hereket etmek babatdaky hukuklaryny berjaý etmegiň gullugyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin milli kanunçylygyň esasy ýörelgelerine eýermek hem-de migrasiýa ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesinden ugur almak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we işde öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny has işjeň ulanmagy tabşyrdy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini tassyklady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.