Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýyly tamamlandy
Medeniýet
Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýyly tamamlandy
Çap edildi 05.02.2024
845

Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — “Ženmin Žibao” gazetiniň, “Sinhua” habarlar agentliginiň žurnalistleri bar.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy bilen geçirilýän döredijilik çäresi dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň ösüşine möhüm goşantdyr. Ynsanperwer ulgamdaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köpasyrlyk tejribä, baý däp-dessurlara eýe bolup, milletiň ösüşindäki ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetine çuňňur düşünilmegine esaslanýar. Türkmenistanda we Hytaýda geçirilýän halkara festiwallara, ylmy maslahatlara, sergilere iki ýurduň döredijilik, medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagy işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Geçen ýylyň noýabrynda gadymy döwürde “Merkezi Aziýanyň derwezesi” diýlip atlandyrylan we Beýik Ýüpek ýolunyň gözbaş alan ýeri bolan Sian şäheri bilen doganlaşan Mary şäherinde “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” ady bilen ýaşlar forumy geçirildi. Ony geçirmek teklibi 2023-nji ýylyň maýynda Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi.

Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne dostlukly ýurduň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar. Dabarada bellenilişi ýaly, Medeniýet ýylynyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilen dürli çäreler iki ýurduň ugurdaş ulgamynyň wekilleriniň arasynda täze, netijeli döredijilik we hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga, halklarymyzyň köpugurly hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga şert döretdi. Çykyş edenler döwletlerimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň galkynan döwründen gaýdýan köpasyrlyk dostluk we düşünişmek ýörelgelerine berk ygrarlydyklaryny tassyklamak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin anyk çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler.

Çärä gatnaşyjylar türkmen we hytaý halklarynyň öňden gelýän medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen bu forumy geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we HHR-iň Başlygy Si Szinpine çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bu ýerde guralan konsert maksatnamasynyň çäklerinde Hançžou şäheriniň Opera we tans drama teatrynyň artistleriniň, “On iki Sýantaý” sungat toparynyň çykyşlary ýerine ýetirildi. Oňa şowhunly aýdym-sazly, tans we akrobatika çykyşlary hem girizildi. Olarda janlandyrylan keşpler diňe bir hereketler we mimika bilen däl-de, köp sanly özboluşly grim aýratynlyklary bilen hem beýan edilýär. Milli lybaslar, sazlar, özboluşly ussatlyk bilen ýerine ýetirilen akrobatik çykyşlar tomaşaçylara hytaý sungatynyň gadymy we häzirki zaman ruhuny duýmaga, sirk sungatynyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän täsin horeografiýasyna, jadylaýjy güýjüne baha bermäge mümkinçilik döretdi.

Konsert maksatnamasy “Şatlykly Hytaý Täze ýyly” kompozisiýasy bilen açyldy. Joşgunly aýdym-sazlar we tanslar tomaşa zalynda Hytaýyň däbe öwrülen Täze ýylynyň baýramçylyk gurşawyny emele getirdi. Häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän ujy egri gadymy hytaý kirişli saz guralynda — täzeçil “erhu” görnüşde ýerine ýetirilen “Çapylýan bedewler” atly çykyşy tomaşaçylar aýratyn joşgun bilen garşyladylar. “Pipe” atly gadymy milli saz guralynda ýekelikde ýerine ýetirilen çykyş hem bu ýere gelenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. “Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösmegi” atly tans Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Ýewropa uzan, möhüm ähmiýetli medeni we söwda merkezleriniň, dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine şert döreden gadymy söwda ýolunyň beýik eýýamyny täsirli beýan etdi.

Däp bolan hytaý operasyny özünde jemleýän “Milli medeniýetiň özeni” atly çykyşy tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Tomaşaçylar «Pekin», «Henan», «Şaosin» we beýleki operalardan sahna parçalaryny synlap, Hytaýyň täsin saz sungatyna aralaşmaga mümkinçilik aldylar. Döredijiliginde däp bolan akrobatik keşpleri we täzeçil teatrlaşdyrylan sahnalary janlandyrýan artistleriň ýerine ýetirmeginde balet horeografiýasynyň nepisligini hem-de çylşyrymly tilsimlerini özünde jemleýän çykyşlar görkezildi. Gyzykly we özüne çekiji çykyşlary bilen bütin dünýäni maýyl eden hytaý sungat ussatlary türkmenistanlylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdiler hem-de tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde hytaý wekiliýetiniň agzalary Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Şeýle hem myhmanlar üçin Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler göz öňünde tutuldy.

Şeýlelikde, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň üstünlikli tamamlanan maksatnamasy döwletara hyzmatdaşlygyň we halklarymyzyň dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda medeni diplomatiýanyň eýeleýän ornunyň barha artýandygyny görkezdi.

Soňky habarlar
04.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 349 müň dollaryna deň boldy
04.03
Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we iki ýurduň işewürler maslahaty geçirilýär
03.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.03
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary
03.03
Bagtyýar durmuşyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
01.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.03
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe resminamalara gol çekdi
01.03
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
01.03
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy
01.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy
top-arrow