Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 27.01.2024
3077

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň öňünde durýan wezipeler, ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde 2024-nji ýylda ileri tutulýan ugurlar bilen baglanyşykly alnyp barylmaly işlere-de garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň milli parlamenti, jemgyýetçilik birleşikleri, döwlet edaralary bilen bilelikdäki işleriniň döredijilikli, anyk meýilnama esasynda dowam etdirilmeginiň wajyp ähmiýetini belledi. Her bir işiň halk köpçüligine ýetirilmelidigine, ýurdumyzyň islendik kärde döredijilikli zähmet çekýän raýatlaryny geljekki üstünliklere ruhlandyrmagyň ägirt uly ähmiýetine üns çekildi.

Iş maslahatynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň işiniň möhümdigi nygtaldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ägirt uly durmuş tejribesi bolan ýaşululary halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen asylly işleri, döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan taryhy ähmiýetli işleriň many-mazmunyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny wagyz-nesihat etmekde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan asylly işiniň wajypdygy aýdyldy.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň “Geňeşli biçilen don gysga bolmaz” diýen paýhasly jümlesinden ugur alyp, ýurdumyzda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetine ünsi çekdi. Şunda häzirki döwrüň derwaýys wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek, jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işlere ýaşlaryň yzygiderli gatnaşmaklaryny üpjün etmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky öz geljegi bolan çagalaryna degişli terbiýe bermäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga aýratyn üns beripdir. Döwletimizde gurlup ulanmaga berilýän çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler, ähli amatlyklary bolan sport mekdepleri, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin niýetlenendir diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Şoňa görä-de, ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada hem-de mähir bilen gurşalmagy, paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýaşlaryň bilim-terbiýeli, watansöýüji bolup ýetişmekleri, täzeçil tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilmekleri ugrunda döwlet tarapyndan uly alada edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz ýaşulularyň jemgyýetimizde oňyn ýörelgeleri pugtalandyrmakda, ýaşlaryň halal zähmete, asylly işlere höwesini artdyrmakda aýratyn orun eýeleýändiklerini belläp, olaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi.

Iş maslahatynda oňa gatnaşyjylar netijeli işlemek babatda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny bildirdiler. Şeýle hem olar jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleri guramaçylykly geçirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
18.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow