Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 22.01.2024
1029

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlar ekişe taýýarlanylýar, hususan-da, sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Öňümizdäki ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary hem-de gurallary taýýarlamak bilen bir hatarda, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin tohumlyk çig maly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerlerini ekişe taýýarlamak boýunça, şeýle-de ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegini häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz şu ýylyň hasyly üçin welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryny, ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görlüşini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary abatlamak, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýerleri, tohumlary, tehnikalary ekiş möwsümine taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş we şor suw akabalarynda, meýdanlaryň daş-töwereginde arassaçylyk işleri geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaýa ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek ýerleriň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň möwsüme taýýar edilmegini, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanyp, möwsüme taýýar edilýär. Ekişde pagtaçy daýhanlary sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak, ekinleriň tohumlaryny hem-de tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazky ekişe taýýarlyk görmek bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda zerur arassaçylyk işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi hem-de şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlardaky sürüm we tekizleýiş işleriniň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň ýokary hilli, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýokary hilli gowaça tohumynyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň ekiş möwsümine taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Gowaça ekişinde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, talabalaýyk saklamak, ýokary hilli tohum taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda gallaçy daýhanlar tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görlüşi, ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş ýaplarynda, zeýkeşlerde arassaçylyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary möwsüme taýýarlamak, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegini, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň taýýar edilmegini, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Ýazky ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler gündelik gözegçilikde saklanylýar. Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerlerini, tohumlaryny, ekişde ulanyljak gurallary möwsüme taýýarlamak babatda zerur işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň, gowaça ekiljek meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň taýýarlanylmagyny, ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini, bu ugurlarda alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri dowam edýär. Ekişde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda pagtany gaýtadan işläp, tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini, hususan-da, bu ekinleriň tohum üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
19.09
Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
19.09
Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
19.09
Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat we sergi geçirilýär
19.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy
19.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
19.09
Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
18.09
«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
17.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky çykyşy
17.09
Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär
top-arrow