Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Çap edildi 25.12.2023
3394

Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!

Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. Biz sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny diňläris. Döwrüň täze menziline gadam basarys.

2023-nji ýyl ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Munuň özi ýaş nesle ynamymyzyň aýdyň mysalydyr. Bu ýyl halkymyz we ýurdumyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy. Ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Biz diňe bir ýylymyzy däl, tutuş döwrümizi ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys.

Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi.

Nesilleriň dowamaty — döwürleriň baglanyşygy.

Biziň başlan asylly işlerimizi ýaşlarymyzyň üstünlikli dowam etdirýändigi örän guwandyrýar.

Bu ýyl bütin halkymyz bilen agzybirlikde ýurdumyzyň mundan beýlägem gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.

Iýun aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheri dabaraly açyldy. Munuň özi tutuş döwrümiziň ajaýyp wakasydyr. Taryhyň altyn sahypasydyr.

Bu şäher şu günüň hem geljegiň şäheridir!

Bu şäher bagtyýarlygyň hem abadançylygyň şäheridir!

Bu şäher ýaşlygyň hem bagtly durmuşyň şäheridir!

Gurmak — gurplulykdan nyşan. Häzirki döwürde iri şäherdir obalar gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýär.

Hormatly adamlar!

Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş nesliň täzeçil garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur. Biz ýaşlaryň döwrebap başlangyçlaryna möhüm ähmiýet berýäris. Arkadag şäheriniň gurluşygynda hem ýaşlaryň oý-pikirleri, ukyp-başarnyklary giňden ulanyldy. Olaryň «akylly» şäheriň ähli desgalaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça tutanýerli zähmet çekendiklerini buýsanç bilen belläsim gelýär.

Bu ýyl Arkadagly Gahryman Serdarymyz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna hem badalga berdi. Ajaýyp mekanda täze binalar, desgalar gurlup, ýaşaýyş gülläp ösýär. Döwrebap şäherde gurlan giň we ýagty otagly ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary, çagalar baglary, sport desgalarydyr söwda merkezleri, saglyk edaralary göwnüňi galkyndyrýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Mähriban halkym!

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, senagat desgalarynyň gurluşygyna-da uly ähmiýet berler. Ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän önümçilikler ýola goýlar. Bu önümleri dünýä bazarlaryna-da eksporta ugradarys. Şeýle hem müňlerçe adamy iş bilen üpjün ederis.

Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze şäherde birnäçe bilim ojaklary açylyp ulanmaga berildi. Gurluşyklaryň ikinji tapgyrynyň çäginde ýene-de bir döwrebap bilim ojagy, ýagny Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumy gurlar. Şeýle-de oba hojalyk ylmy-barlag institutlary bina ediler. Ylmy ekerançylygy, maldarçylygy, ýüpekçiligi, umuman, oba hojalygynyň ähli ugurlarynda önümçiligi alyp bararys.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň durmuşy bilen bagly başga-da köp işler ýerine ýetirildi.

Eziz watandaşlar!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň geljekde hem Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende göterjekdiklerine berk ynanýaryn. Biz ýaş nesle hemişe uly ynam bildirýäris. Ýaşlarymyz hem her bir işde ýaşuly nesle sala salýarlar, geňeşýärler. Biz mundan beýlägem ýaşlaryň armasyny ýetirip, olary uly geljege ugrukdyrmakda asylly işleri dowam ederis.

Pederlerimiz «Agzybir il — abadan» diýipdirler. Nesip bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işlerine täze ýylda hem mynasyp goşant goşmakda elimizden gelenini gaýgyrmarys. Biziň her birimiziň ömrümiziň manysy, durmuşymyzyň höziri hem Watanyň röwşen ykbalyna mynasyp goşant goşmakdadyr. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».

Mähriban halkym!
Hormatly adamlar!

Men hem pursatdan peýdalanyp, sizi ýetip gelen Täze, luw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Balyk — halyk» diýlişi ýaly, täze ýylda-da size berk jan saglygyny, her bir maşgala ojagyna abadançylygy, egsilmez bagtyýarlygy arzuw edýärin.

Täze ýyl hemmäňize rysgal-döwlet, bagt getirsin!

Täze ýyl bedew bady bilen ähliňizi maksat-myrada ýetirsin!

Soňky habarlar
10.07
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine
09.07
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
09.07
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy
09.07
Gallaçy daýhanlaryň zähmet üstünligi
09.07
2026-njy ýylyň iýuny: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.07
Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady
08.07
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
08.07
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
08.07
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
07.07
Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döredijilikli strategiýa
top-arrow