Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
Çap edildi 23.12.2023
1961

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy, Arkadag şäheriniň häkimi, degişli edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde tamamlanyp barýan ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky wakalar hem-de öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.

Gahryman Arkadagymyza çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çeken suratlary görkezildi. Olarda gözel tebigatymyzyň we sahawatly türkmen topragynyň özboluşly aýratynlyklarynyň şekillendirilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň mähriban Watanymyza, onuň özboluşly tebigatyna söýgüsiniň we buýsanjynyň aýdyň beýanydyr. Munuň özi çagalarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek däplerini ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladanyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz bu meselelere jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmek bilen, ýaş nesilleriň çeper döredijilige bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmegiň usullaryny işläp düzmegi tabşyrdy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisine gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow, gaznanyň Prezidentiniň kömekçisi Ý.Orazow, iş dolandyryjysy K.Babaýew, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa, gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa, hukukçysy M.Hojamberdiýewa gatnaşdylar. Şeýle-de nobatdaky mejlise Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy.

Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýandygyny, olaryň Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýandygyny belledi hem-de ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere döwletimiz tarapyndan möhüm ähmiýet berilmegi esasynda gazanylan ýeňişleriň bu ýylyň mynasyp ady bilen utgaşandygyny aýtdy. Umuman, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy wakalara beslendi. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi, Ýaşulular geňeşiniň birnäçe mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen Kararnamalar kabul edildi, guramanyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömeklerini iberdi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Hut şu ýylyň özünde geljegiň, döredijiligiň, ýaşlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň açylyp ulanmaga berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň öz işine başlamagynyň hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berendigini belledi.

Şu günki mejlisiň gün tertibine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler bilen baglanyşykly meseleler we beýleki birnäçe meseleler girizildi. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Şu günki mejlisiň geçirilýän ýeriniň — gaznanyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheridigini aýratyn nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlaryň döwletimiziň beýik geljegidigini, şu günki daýanjydygyny belledi. Ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherinde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berildi.

Adam üçin iň möhüm zat onuň saglygydyr. Saglyk — bu ruhubelentlik, dünýäde iň uly baýlyk, tükeniksiz hazynadyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we ylmy-kliniki merkezleri bina edildi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde aýratyn möhüm orna eýedigini belledi.

Ýurdumyzda halkymyzyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmek, aýratyn hemaýata, goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy hem bu hakykatyň ykrar edilmesidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Bu ugurda bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen bir hatarda, durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini, maslahatlarydyr usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanyldy. Bu sylag milli däplerimiz esasynda alnyp barylýan sahawatly işler üçin berilýän mynasyp bahadyr.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri we öňde durýan wezipeler barada çykyş etmek üçin gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa söz berildi. Ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň uly üstünlikler bilen tamamlanyp barýandygyny belläp, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle hem mejlise gatnaşyjylary Täze ýyl baýramy bilen gutlady, 2024-nji ýylda-da Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň, türkmen halkynyň abadan, parahat, asuda durmuşynyň bähbidine gönükdirilen tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, bu ýylyň ýurdumyz üçin döwletli ýyllaryň biri bolmagyny arzuw etdi.

Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeler esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalandygyny nygtap, gaznanyň wise-prezidenti halkyň saglygynyň diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydygyny belledi. Gaznanyň döredilen wagtyndan bäri alyp barýan işleriniň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär. Hasabat döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gaznanyň sahawatly işleriň ençemesini amala aşyrandygy, döwletimiziň, şeýle hem gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygynyň dikeldilendigi bellenildi.

Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Şol sanda 117 sany ýürek-damar keselleri, 102 sany ortopedik keseller we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri alnyp baryldy. Mundan başga-da, 47 sany çagada saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. 54 sany çaga saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Şeýle hem näsag çagalaryň daýanç-hereket ediş ulgamynda operasiýalary ýerine ýetirmek bilen bagly serişdeler sarp edildi. «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy Mary welaýat çagalar hassahanasyna berildi. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary gowşuryldy. Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna mekdep-internatlar we çagalar öýleri saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Gaznanyň halkara derejede alyp barýan ynsanperwer işleri doganlyk hem dostlukly ýurtlarda uly goldaw tapýar we onuň alyp barýan haýyr-sahawat işi barada gyzyklanmalary artdyrýar. 2023-nji ýylyň dowamynda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilmegi ýurdumyzyň, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň ajaýyp miwesi bolup, kalplary nurlandyrýar diýip, gaznanyň wise-prezidenti belledi. Gaznanyň işinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda il sylagly ýaşulularyň bitirýän işleri has uludyr. Türkmen jemgyýetinde ene-atasyndan galan çagalary ogullyga ýa-da gyzlyga almak, olara mynasyp atlary dakmak bilen bagly soraglary çözmek maksady bilen, Milli Liderimiziň tagallasy we başlangyjy netijesinde gaznanyň ýanynda Ýaşulular geňeşi döredildi. Geňeşiň agzalary bu çagalaryň mähriban halkymyza, Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly we döwletli çagalar bolup ýetişmekleri bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berýärler. Bu bolsa howandarlyga mätäç çagalaryň ruhuny göterýär. Ýurdumyzda hossarsyz çaga ýokdur, her bir çaganyň arkasynda döwlet durandyr, döwlet Baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz durandyr, halkyna hemişe hossar bolan türkmen halkynyň Milli Lideri durandyr.

Hormatly Arkadagymyzyň welaýat hassahanalarynda çagalar we olaryň ene-atalary bilen duşuşmagynyň, olara ruhy goldaw bermeginiň belent ynsanperwerligiň, ýurdumyzda adamlar baradaky aladanyň nyşanydygyny nygtap, R.Bazarow munuň üçin halkymyzyň alkyşlarynyň egsilmezdigini aýratyn belledi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen gaznanyň hasabyna operasiýa edilen, sagalyp, bagtyýar durmuşa gadam basan çagalaryň ene-atalaryndan köp sanly hoşallyk sözleri yzygiderli gelip gowuşýar. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň wise-prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň: “Döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir” diýen sözlerinden ugur alyp, Watana wepaly ýaş nesilleri terbiýelemek babatda öňde goýlan anyk wezipeleri ýerine ýetirmek üçin jan aýaman zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň sarp edilişi barada hasabat bermek üçin gaznanyň hasapçysy Ý.A.Çernowa söz berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goldawy we atalyk aladasy netijesinde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek we olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglyklaryny berkitmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ene-atasynyň howandarlygyndan galan we maýyplygy bolan çagalary goldamak boýunça üstünlikli işleri alyp barýan düzümleriň birine öwrüldi.

Gaznanyň serişdeleri haýyr-sahawat goldawlarynyň hasabyna emele gelýär. Onuň maliýe serişdeleriniň hasabyna çagalara çylşyrymly operasiýalar amala aşyrylýar we doga ýürek ýetmezçiligi bolan, daýanç-hereket ediş ulgamy boýunça näsag çagalara operasiýalary geçirmekde zerur sarp ediş serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, protez önümleri, eşitdiriş enjamlary, maýyp çagalar üçin arabalar satyn alynýar. Şol bir wagtyň özünde, çagalar öýlerinde we ýurdumyzyň sagaldyş okuw-dikeldiş edaralarynda bolýan çagalar üçin her ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dürli sowgatlar satyn alynýar. Şeýle hem çagalar öýleri üçin interaktiw tagtalar, noutbuklar satyn alyndy.

Gahryman Arkadagymyz çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen daşary ýurtly çagalary hem ünsden düşürmeýär. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýäniň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň, Ukrainanyň we Palestinanyň heläkçilik çeken çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri ugradyldy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa söz berdi. Ol, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömegini bermek arkaly olaryň saglyklaryny dikeltmek, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ynsan saglygyny, hususan-da, çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu maksatlary amala aşyrmakda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer hemaýaty bimöçberdir.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalarda dürli ýokanç däl keselleriň we şikesleriň ýöriteleşdirilen bejergisinden soňra dikeldiş çärelerini geçirmekde möhüm orun eýeleýändigini, onuň hossarlyga we howandarlyga mätäç çagalarda, akyl we beden taýdan ösüşine goldaw zerurlygy bolan çagalarda irki ösüş amallaryny geçirmek, çagalarda şahsy başarnyklaryny ösdürmek we olara saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenendigini belläp, M.Öküzowa merkeziň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda gurlan sebitde ýeke-täk saglygy goraýyş edarasydygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda açylyp ulanmaga berlen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi üçin ýüz tutan 274 çagadan 212 çaga toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergisi geçirildi. Häzirki wagtda bu ýerde 34 çaga bejergi alýar. Çagalaryň aglaba köpüsinde esasy keseliniň gaýraüzülmeleri bolan sözleýiş we hereket ösüşinden yzagalaklyklar bolup, geçirilen bejergiler ýokary netijeleri berdi. Merkezde bejergi alan çagalaryň arasynda sözleýiş taýdan yza galýan jemi 85 çaga bolup, olaryň 45-sinde sözleýiş we ses taýdan ösüşi görmek bolýar. Serebral ysmaz keselli jemi 113 çaganyň 65-siniň bejeriş-sagaldyş bedenterbiýe bejergisini almagy bilen, olaryň elleriniň hereket we aýaklarynyň ýöremek endikleri dikeldildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagyna kabul edilen 58 çaganyň 18-si dürli kesel kesgitlemeleri bolan, 40-sy bolsa sagdyn çagalardyr. Merkezde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze we seýrek görnüşli ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdyldy. Bu ýerde ornaşdyrylan, Şweýsariýada öndürilen “Lokomat Pro 6 PE” enjamy ýörite sagaldyş-dikeldiş maksatly toplum bolup, ol ysmaz keselli çagalarda we beýleki daýanç-hereket ediş ulgamynyň nogsanlyklarynda ýöremek endigini öwretmäge hem-de gaýtadan dikeltmäge niýetlenendir.

Gadymyýetiň alymy, lukmany we tebibi, lukmançylyk ylmynyň esaslaryny goýujy Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly ylmy eseri birnäçe ýyl mundan ozal lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda terjime edildi. Köp jiltli bu eser özünde keselleriň döreýşi we olary bejermek barada giňişleýin maglumatlary saklaýar. Ibn Sinanyň çaga kesellerini bejermekde kesgitlän ugurlarynyň esasylarynyň biri bolan melhem suwlar bilen bejermek usuly merkeziň degişli otagynda dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhemli hammamlar arkaly amal edilýär. Bejergi çagalara rahatlandyryjy, dartgynlylygy gowşadyjy emler hökmünde bellenilýär. Merkeziň çagalar sagaldyş-dikeldiş bölüminiň girelgesinde ýerleşýän, ýurdumyzyň derman senagaty kärhanalarynda taýýarlanylyp, halkymyza hödürlenilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan çaýlary bu ýere gelýänlere hödürleýän fitobaryň hem ähmiýeti barada aýdyp, M.Öküzowa bu usuly halkymyzyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda netijeli ornaşdyrmak ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Çykyşynyň ahyrynda ol çagalaryň saglygyny goramak ýaly asylly işleriň netijeli ýola goýulmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň nurana geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini belläp, bularyň ählisiniň körpelere özleri baradaky aladany duýmaga, jemgyýetde mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işler BMG tarapyndan kabul edilen we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryna-da laýyk gelýär hem-de «Sagdyn durmuşy üpjün etmek we hemmeler üçin islendik ýaşda abadançylyga ýardam etmek» atly 3-nji maksada ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Türkmenistanyň bu ulgamda durmuşa geçirýän syýasaty BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldawyna eýe boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Mätäje goldaw bermek halkymyzyň häsiýetiniňdir aň-düşünjesiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Gadymdan gelýän bu asylly däplerimiz ene-atasyndan galan çagalary aýratyn üns-alada bilen gurşap almaga halkymyzy borçly edýär. Ata-babalarymyz jana-jan milli kadalarymyza esaslanýan bu däplere gyşarnyksyz eýerip gelipdir. Ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen ýerine ýetirilýän döwletli işlerde geljek nesillere hemişe aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibiniň nobatdaky meselesiniň ähmiýetine ünsi çekdi.

Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine howandarlyga mätäç çagalara keseli anyklaýyş-bejeriş işleri geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin olary gaznanyň pul serişdeleriniň hasabyna tölemäge ygtyýar bermek meselelerine garaldy.

Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine howandarlyga mätäç çagalara keseli anyklaýyş-bejeriş işlerini geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin 200 müň amerikan dollaryny gaznanyň pul serişdeleriniň hasabyna tölemek boýunça ýüztutma esasynda degişli çözgüdiň işlenip taýýarlanandygy, oňa laýyklykda, emeli gan aýlanyş şertlerinde açyk ýürekde we endowaskulýar usuly bilen ýürek-damar ulgamynyň dogabitdi kesellerini bejermegi dowam etdirmek boýunça zerur sarp ediş serişdelerini, stentirlemek boýunça zerur bolan ezofagointestinal biostentler toplumyny, şeýle hem ureteral stentler toplumyny satyn almagyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi we ony Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen çözgüdi makullap, degişli resminama gol çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz gaznanyň Prezidentiniň kömekçisi Ý.Orazowa hojalyk işleri bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak we ony ýokary derejede amala aşyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri gaznanyň işiniň kanunçylyk hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, gaznanyň iş dolandyryjysy K.Babaýewe we hukukçysy M.Hojamberdiýewa bu ugurda alnyp barylýan işleri häzirki zamanyň ösen tejribesini özleşdirmek arkaly utgaşykly ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz gaznanyň media habarlar wekilleri bolan B.Şyhlyýewe hem-de A.Jepbarowa haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini halk köpçüligine ýetirmek, ony halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn wagyz etmek bilen baglanyşykly meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe bolsa gaznanyň işi bilen baglanyşykly meseleleri sazlaşykly alyp barmak, bu ugurda bilelikdäki tagallalary ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeler berildi.

Gahryman Arkadagymyz taryhyň ýene-de bir ýylynyň tamamlanyp barýandygyny belläp, sanlyja günden Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagyny diňlejekdigimizi we döwrüň täze menziline gadam basjakdygymyzy aýtdy.

2023-nji ýyl ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyryldy. Munuň özi ýaş nesle ynamymyzyň aýdyň mysalydyr. Bu ýyl halkymyz we ýurdumyz üçin düşümli, döwletli ýyl boldy. Ýaşlarymyzyň durmuşy ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Şeýlelikde, diňe bir ýylymyzy däl, tutuş döwrümizi ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys. Ýaşulularyň göreldesi — ýaşlaryň ýörelgesi. Nesilleriň dowamaty — döwürleriň baglanyşygy. Başy başlanan asylly işleriň ýaşlarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Bu ýyl bütin halkymyz bilen agzybirlikde ýurdumyzyň mundan beýlägem gülläp ösmegi üçin asylly işler dowam etdirildi. Maksatlar myrat tapyp, iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde Arkadag şäheri dabaraly açyldy. Munuň özi tutuş döwrümiziň ajaýyp wakasydyr. Taryhyň altyn sahypasydyr. “Bu şäher şu günüň hem geljegiň şäheridir! Bu şäher bagtyýarlygyň hem abadançylygyň şäheridir! Bu şäher ýaşlygyň hem bagtly durmuşyň şäheridir!” diýip bellemek bilen, Milli Liderimiz gurmagyň gurplulykdan nyşandygyny, häzirki döwürde iri şäherdir obalaryň gözel Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy.

Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş nesliň täzeçil garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur. Biz ýaşlaryň döwrebap başlangyçlaryna möhüm ähmiýet berýäris. Arkadag şäheriniň gurluşygynda hem ýaşlaryň oý-pikirleri, ukyp-başarnyklary giňden ulanyldy. Olaryň «akylly» şäheriň ähli desgalaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça tutanýerli zähmet çekendiklerini buýsanç bilen belläsim gelýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Bu ýyl Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berendigini belläp, Milli Liderimiz ajaýyp mekanda täze binalaryň, desgalaryň gurlup, ýaşaýşyň gülläp ösýändigini aýratyn nygtady. Döwrebap şäherde gurlan giň we ýagty otagly ýaşaýyş jaýlary, bilim ojaklary, çagalar baglary, sport desgalarydyr söwda merkezleri, saglyk edaralary göwnüňi galkyndyrýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, senagat desgalarynyň gurluşygyna-da uly ähmiýet beriljekdigini, şunda ekologik talaplara doly laýyk gelýän önümçilikleriň ýola goýuljakdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz şol önümleriň dünýä bazarlaryna-da eksporta ugradyljakdygyny, şol bir wagtyň özünde, müňlerçe iş orunlarynyň dörediljekdigini aýtdy.

Şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze şäherde birnäçe bilim ojaklary açylyp ulanmaga berildi. Gurluşyklaryň ikinji tapgyrynyň çäginde ýene-de bir döwrebap bilim ojagyny, ýagny Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumyny gurarys. Şeýle-de oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryny bina ederis. Ylmy ekerançylygy, maldarçylygy, ýüpekçiligi, umuman, oba hojalygynyň ähli ugurlarynda önümçiligi alyp bararys diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň durmuşy bilen bagly başga-da köp işleriň ýerine ýetirilendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň geljekde-de Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende göterjekdiklerine berk ynanýandygyny nygtady. Biz ýaş nesle hemişe uly ynam bildirýäris. Ýaşlarymyz hem her bir işde ýaşuly nesle sala salýarlar, geňeşýärler. Biz mundan beýlägem ýaşlaryň armasyny ýetirip, olary uly geljege ugrukdyrmakda asylly işleri dowam etdireris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Pederlerimiz «Agzybir il — abadan» diýipdirler. Nesip bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işlerine täze ýylda-da mynasyp goşant goşmakda elimizden gelenini gaýgyrmarys. Biziň her birimiziň ömrümiziň manysy, durmuşymyzyň höziri hem Watanyň röwşen ykbalyna mynasyp goşant goşmakdadyr. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, Arkadagymyz nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, hemmeleri ýetip gelen täze luw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlady. «Balyk — halyk» diýen paýhasly jümleden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyz hemmelere täze ýylda hem berk jan saglyk, her bir maşgala ojagyna abadançylyk, egsilmez bagtyýarlyk arzuw etdi.

Hormatly Arkadagymyz baýramçylyk gutlagyny: “Täze ýyl hemmäňize rysgal-döwlet, bagt getirsin! Täze ýyl bedew bady bilen ähliňizi maksat-myrada ýetirsin!” diýen sözler bilen jemledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň eýwanynda oturdylan Täze ýyl arçasynyň ýanynda guralan dabaralara gatnaşýan çagalaryň ýanyna bardy. Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalaryň şowhunly çykyşlary, belent ruha beslenen aýdym-sazlary ýaýbaňlandyryldy. Şadyýan çagalar Gahryman Arkadagymyzy uly ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Olar joşgunly çykyşlary, ajaýyp goşgy setirleri bilen mähriban Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan asylly işleriň waspyny ýetirdiler.

Bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, sazlaşykly ösüşi we olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň yzygiderli üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda çagalar üçin dynç alyş toplumlary, saglygy goraýyş merkezleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Olaryň halkara talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylyşy, merkezlerde lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýluşy Diýarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesine doly laýyk gelýär.

Çagalaryň Aýazbaba hem-de Garpamyk bilen bilelikdäki çykyşlary hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi.

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklary bilen bir hatarda, olaryň saglyklarynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny doly derejede açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ösüşinde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artdyrylmagynda, täzeçil ýörelgeleriň işjeň ornaşdyrylmagynda ýaş nesle möhüm orun degişlidir. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has aýdyňlyk bilen ýüze çykýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bagtyýar çagalaryň şowhunyna goşulyp, olary söýgüli baýramçylygy bolan Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlady hem-de mundan beýläk-de sagdynlyk, ruhubelentlik arzuw etdi.

Ýaş türkmenistanlylar özleriniň bagtyýar ýaşaýşy we dynç alşy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bagtyýar çagalary Täze ýyl bilen gutlap, olara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy.

Gahryman Arkadagymyzyň baýramçylyk sowgatlaryny uly buýsanç bilen kabul eden çagalar Milli Liderimize özleri bilen ýadygärlik surata düşmek baradaky haýyşlary bilen ýüzlendiler.

Surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň daşyna çykdy we bu ýerde gaznanyň müdiriýetiniň agzalaryny Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady hem-de olara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
26.12
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy — umumadamzat gymmatlygy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.12
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
25.12
Mary welaýatynda täze suw arassalaýjy desga açyldy
25.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
top-arrow