Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million 105 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million 105 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 18.12.2023
3956

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.

Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna karbamidi («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma senagaty önümleri, nah ýüplük we mata, pagta süýümi, gaýtadan dikeldilen süýüm, pagta egriji hem-de senagat önümçiliginiň dürli görnüşli galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million 105 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 220 million manada golaý bolan tehniki ýody («Türkmenhimiýa» döwlet konserni), polipropileni, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), elde dokalan halylary, nah ýüplügi we beýlekileri satyn aldylar.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow