Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Maryda türkmen-eýran amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi açyldy
Medeniýet
Maryda türkmen-eýran amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi açyldy
Çap edildi 14.12.2023
3213

Şu gün Mary welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň bilelikdäki sergisi öz işine başlady.

Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän daşary syýasat ugry esasynda şeýle çäreleriň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny bellemek gerek. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ynsanperwer ulgamda däp bolan türkmen-eýran gatnaşyklaryny görkezmek bolar. Bu gatnaşyklar taryh, medeni taýdan umumylyga eýe bolan türkmen we eýran halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandyklaryny görkezýär. Şu gezekki çäre ýurtlaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde nobatdaky ädimdir. Munuň özi halklarymyzyň parahatçylykly durmuşyna, durnukly ösüşine we abadançylygyna ýardam edýär.

Bilelikdäki serginiň açylyş dabarasy Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi. Şu mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri ýygnandylar. Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzüminde döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň, mozaika, amaly-haşam sungatynyň ussatlary bar.

Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan halk aýdym-sazlary serginiň açylyş dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Dabarada çykyş eden Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we EYR-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy, medeni işler boýunça attaşesi Nawid Rasuli bu çäräniň türkmen we eýran halklarynyň dostluga, özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini bellediler. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, soňky döwürde, hususan-da, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlardaky döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýe bolandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu çäre türkmen we eýran halklarynyň medeniýetleriniň mundan beýläk-de özara baýlaşdyrylmagyna, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer.

Sergä gelenler bu ýerde köpugurly öwüşginde görkezilýän amaly-haşam sungatynyň, keramika, heýkeltaraşlyk, şekillendiriş sungatynyň we halk senetçiliginiň ussatlarynyň eserleri, şol sanda haly, keçe, kilim önümleri, milli lybaslar, saz gurallary, türkmen halkynyň durmuşda ulanýan beýleki esbaplary bilen tanyşdylar. El hünäriniň ussatlary haly, keramika hem-de keşdeçilik sungatynyň önümleriniň, milli saz gurallarynyň agaçdan we metaldan ýasalýan dürli görnüşleriniň taýýarlanylyşyny görkezip, olar barada gyzykly gürrüň berdiler. Sergide döwürleriň, ruhy mirasyň arasyndaky baglanyşyk, yzygiderli ösdürilýän özboluşly däp-dessurlaryň dowamatlylygy duýulýar. Myhmanlar gözbaşy müňýyllyklardan gaýdýan halk döredijiliginiň dürli nusgalaryny — miniatýura eserleriniň, köp sanly sowgatlyk we beýleki önümleriň dürli görnüşlerini getiripdirler.

Eýranyň baý medeni mirasy bolan iň gadymy ýurtlaryň biridigini bellemelidiris. Bu ýurtda binagärlik bilen bir hatarda, kitap miniatýurasy we amaly-haşam sungaty uly ösüşe eýe bolupdyr. Olar çeperçilik ussatlygy, köpdürlüligi, bezeglere baýlygy, matalar, halylar, şaý-sepler, kalligrafiýa önümleri bolsa nepisligi bilen tapawutlanýar. “Minakari” diýlip atlandyrylýan usulda elde bezelen gap-gaçlaryň nusgalary, “hatamkari” mozaikasy, şekillendiriş suratlary, owadan bezelen kitap önümleri, lybaslar we sowgatlyklar serginiň bezegine öwrüldi. Bu önümlerde eýran halkynyň baý taryhy, sungaty açylyp görkezilýär. Gadymy “torewtikanyň” “yspyhan” we “töwriz” usullarynda ýerine ýetirilen işler aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu eserlerde ösümlik şekilindäki nagyşlar, eýran miniatýurasynyň däp bolan nyşanlary ulanylypdyr.

Çäräniň çäklerinde Eýranyň belli ussatlarynyň mozaika sungaty boýunça ussatlyk sapagy guraldy. Olar mozaika eserlerini taýýarlamagyň esaslary bilen sergä gatnaşyjylary tanyşdyryp, onuň eýran medeniýetinde eýeleýän orny barada gürrüň berdiler.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler. Köne we Täze Nusaý galalary gadymy medeniýetleriň yzlaryny özünde saklaýar. Döredijilik çäresine gatnaşyjylar gadymy Parfiýa patyşalygynyň ýadygärlikleriniň öwrenilişi, arheologlaryň goraghanadan tapan taryhy tapyndylary bilen tanşyp, olaryň ägirt uly ähmiýete eýedigini tassyklaýan we geljekki gözlegleri talap edýän soňky ylmy barlaglar baradaky maglumatlary aldylar.

Agşam Mary şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda türkmen hem-de eýran sungat ussatlarynyň konsertine tomaşa etdiler. Tomaşa zalynda ýaňlanan şowhunly el çarpyşmalar iki dostlukly halkyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlydygyny görkezen artistleriň ýokary ussatlygyna berlen oňyn baha boldy.

Bilelikdäki sergi ertir öz işini dowam eder.

Saparyň çäklerinde eýran wekiliýetiniň agzalary “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görerler, şeýle-de paýtagtymyzyň gözelliklerini synlarlar.

Soňky habarlar
12.10
Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
12.10
Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
12.10
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
12.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi
11.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi
11.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumdaky çykyşy
11.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
11.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud PEZEŞKIANY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak akynda
11.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali ZARDARINI Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
11.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Wladimirowiç PUTINI Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
top-arrow