Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Syýasat habarlary
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Çap edildi 11.12.2023
1592

Eziz watandaşlar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de bütin dünýäde uly ähmiýetli waka bolan Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir. Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünliklerine besläp, şatlyk hem dabaralar bilen garşylaýarys. Bu baýrama bagyşlap, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzda döwrebap binalardyr kärhanalary ulanmaga berýäris. Durmuşyň ähli ugurlarynda gazanýan üstünliklerimize, gözel Diýarymyzyň ýeňişlerine bagyşlanan medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris. Bu çäreler raýatlarymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýar, bolelin, bagtyýar durmuşyň bähbidine uly üstünlikleri gazanyp, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan mundan 28 ýyl ozal taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, eziz Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Şeýle belent hukuk ýagdaýyna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýan öňdengörüjilikli, maksada okgunly daşary syýasaty alyp barýar. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly hyzmatdaşlygy ýola goýup, özara bähbitli gatnaşyklaryň has netijeli ugurlaryny kemala getirmekde oňyn tejribe toplady.

Hormatly adamlar!

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň beýik gymmatlygydyr. Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Esasy Kanunymyzda berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esas goýujy ýörelgelerini goldanyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda 2017-nji ýylda kabul eden taryhy Kararnamasy bolsa Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň dünýä döwletleri üçin nusgalykdygyny nobatdaky gezek ykrar etdi.

Biz «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýäris. Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga çalyşýarys. Halkara üstaşyr ulag geçelgelerini, has kämil, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanyp, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, täze şäherçeleridir obalary gurýarys.

Eziz watandaşlar!

Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri, Orta hem-de Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleri bilen syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy berkitmäge uly ähmiýet berýäris. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik howpsuzlyk boýunça biziň tekliplerimiz, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek barada öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýäde giň goldaw tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri hem halkara bileleşigiň biziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy ykrar edýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsidir.

Biz içeri we daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, bar bolan mümkinçiliklerimize esaslanyp, geljekde-de Garaşsyz döwletimizi dünýäniň öňdebaryjy, gülläp ösýän dostlukly ýurduna öwürmek üçin ähli tagallalary ederis.

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn depginli ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
top-arrow