Hormatly Merkezi saýlaw toparynyň agzalary! Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan üçünji müňýyllyga gadam basdy. Onuň ykdysadyýetiniň gowy ösmegi bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň aň-bilim düşünjesiniň kämilleşýändigini bellemek gerek. Şonuň üçin meniň size berjek esasy nesihatym, ol hem saýlaw meselesini has-da kämilleşdirmek bolup durýar. Biz döwrebap asyrda ýaşaýarys. Şonuň üçin käbir mysallary beýleki ýurtlardan alsak, mysal üçin, elektron ulgamyna geçmeklikmi ýa-da beýleki käbir ýurtlarda ilki saýlawçylary, soňra dalaşgäri saýlaýarlar. Bulary men mysal hökmünde getirýärin, garaz, usulyýet kän, bu babatda Merkezi saýlaw toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barmaly. Türkmen halky ähli döwürlerde hem öz taryhyna uly sarpa goýan halk. Biziň halkymyz aýratyn-da demokratik esaslary barada ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýeripdirler. Olar hakynda men öz eserlerimde belläp geçdim. Mysal üçin “Iliň güýji-siliň güýji”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz”, “Halk aýtsa, galp aýtmaz” ýa-da “Ýedi ölçäp, bir kes” diýilýär. Şonuň üçin şol döwürlerde hem demokratik sütünlere esaslanyp, hanlary, umuman kethudary, arçynlary, miraplary hem aýdyňlyk, aç-açanlyk, bäsdeşlik esasynda saýlapdyrlar. Şolara mynasyp adam bar bolsa, agzybirlik bilen saýlaw esasynda jemgyýetiň arasynda deňhukuklylyk we açyklyk esasynda saýlapdyrlar. Men hem öz gezegimde, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ähli agzalaryna, mähriban halkymyza Prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hödürläni üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Ýakynda Aşgabatda ýokary derejede Ýaşulularyň maslahatyny geçirdik. Möhüm, taryhy ähmiýetli kada-kanunlary kabul etdik. Konstitusiýanyň täze, rejelenen görnüşiniň esasynda 2017-nji ýylda Prezident saýlawlaryny geçirmek barada hem Mejlis tarapyndan birnäçe kararlar, kanunlar kabul edildi. Şonuň bilen birlikde, şu günki gün ýurdumyzyň durmuş-syýasy jemgyýetiniň täze döwrebap medeni tarapyndan hem ösýändigini bize has-da aýdyň görünýär. Onda-da durmuşymyzda ilkinji gezek üç sany partiýanyň -- Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalarynyň saýlawlara gatnaşmagyna, öz wekillerini hödürländigine begenýärin. Bu saýlawlar aç-açanlyk, aýdyňlyk hem-de deň hukuklylyk ýagdaýynda geçip, biz üçin möhüm syýasy waka bolar. Men esasy Size, Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna öňümizdäki jemgyýetçilik--syýasy, taryhy ähmiýetli wakany--Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmekde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin.