Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Çap edildi 09.12.2023
435

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman megapolisi bolan Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy netijesinde alnyp barylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy, şol bir wagtyň özünde, şäheriň ekologik derejesiniň häzirki zaman talaplaryna we halkara görkezijilere laýyk derejede saklanmagy ugrunda ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler öz oňyn netijesini berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň binalarynyň şekil taslamalary barada Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň, onuň gurluşygynda hem-de bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň şekil taslamalary, ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow taýýarlanylan taslamalar, olaryň aýratynlyklary, binalaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde ulanylmagy meýilleşdirilýän serişdeleriň görnüşleri, taslamalaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, onuň bezeg aýratynlyklarynyň, ýokary okuw mekdebiniň çäginde oturdyljak heýkelleriň, Arkadag şäheriniň girelgesinde guruljak özboluşly döwrebap arkanyň şekil taslamalary, Arkadag şäheriniň futbol klubunyň futbolçylarynyň sport lybaslarynyň görnüşleri bar.

Hormatly Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işlerde, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýokary hil derejesine, häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şäheriň gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologik meselä möhüm orun degişli bolmalydyr. Bu ýerde bina ediljek dürli maksatly desgalar milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman nusgasyny özünde jemlemelidir. Aýratyn-da, Oba hojalyk uniwersitetiniň we oňa degişli ylmy-önümçilik merkezleriniň gurluşygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy ösen talaplara laýyk gelmelidir. Obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşinde möhüm ähmiýeti boljak ýokary okuw mekdebiniň, oňa degişli ylmy-barlag institutlarynyň binalary we ugurdaş düzümleriniň ähli desgalary bu şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz täze şäherde bina ediljek obasenagat toplumyna degişli bilim ojagynyň, ylmy-barlag institutlarynyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Ähli desgalaryň binagärlik sazlaşygynyň üpjün edilmegi, olaryň ýanaşyk ýerleriniň döwrebap ýagdaýda abadanlaşdyrylmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň görnüşleri bilen tanşyp, Milli Liderimiz bu künjekde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda uly iş bitirip, belent abraýa eýe bolan şahsyýetleriň heýkellerini oturtmak meselelerini işjeň öwrenmegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde, gurluşyklarda we binalaryň bezeg işlerinde milli ýörelgelere zerur üns berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýdyp, obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň gurluşygyna, olaryň bezeg işlerine ýaşlaryň işjeň çekilmelidigine ünsi çekdi. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan we meýilleşdirilýän maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy obasenagat toplumynyň sazlaşykly ösüşiniň wajyp şertini emele getirýär. Şunda uniwersitetde bilim alýan talyplaryň bu ýerde bina ediljek ylmy-barlag institutlary bilen gatnaşykda bolup, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda içgin özleşdirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Bu bolsa nazaryýetde alnan bilimiň tejribede, ylmy önümçilikde yzygiderli berkidilmeginde, ýaşlaryň milli daýhançylyk ýörelgelerine içgin aralaşmaklarynda aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwrüň sanly ulgamyň döwrüdigini belläp, ýaşlaryň milli daýhançylyk däplerini sanly ulgamyň ösen usullary arkaly özleşdirmelidiklerini, oba hojalygyna ýer kadastryny işjeň ornaşdyrmak meselelerine zerur üns bermelidiklerini we ekin dolanyşygyny geçirmelidiklerini aýtdy. Munuň özi milli daýhançylyk däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagynda wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, şolaryň ýerli tebigy-howa şertlerine we ýokary ekologik kadalara hem-de bildirilýän beýleki talaplara, hususan-da, milli bezeg aýratynlyklaryna doly laýyk gelmegi şu günüň möhüm talaby bolup durýar.

Şeýle-de bu ýerde Arkadag şäheriniň futbol klubunyň türgenleri üçin niýetlenen sport lybaslarynyň görnüşleri görkezildi. Lybaslaryň ýakymlylyk derejesi, olaryň taýýarlanylyşy häzirki zaman görkezijilerine doly laýyk gelmelidir. Şunda sport lybaslarynyň reňk taýdan sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, lybaslaryň ýazgylary, olara ornaşdyrylýan şekiller many taýdan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna doly kybap gelmelidir.

Mälim bolşy ýaly, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginde, dünýä ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri ýetişdirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça oňyn tejribe toplandy. Bu bolsa Watanymyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirýär. Şoňa görä-de, hormatly Arkadagymyz Arkadag şäheriniň futbol toparynyň sport lybaslarynyň taýýarlanylyşynyň ýokary derejede bolmalydygyny aýdyp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar dogrusynda gürrüň edildi.

Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri entek edilmeli işleriň köpdügini belledi. Munuň üçin bolsa ugurdaş düzümleriň sazlaşykly işini yzygiderli dowam etdirmelidir.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynda önümçilik maksatly desgalar toplumynyň gurluşyklary alnyp barlar. Munuň özi şäheriň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, täze iş orunlarynyň emele gelmegini şertlendirer. Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamyna degişli lukmançylyk serişdelerini öndürýän önümçilik toplumlarynyň gurluşyklaryna taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Gurluşyklarda häzirki zamanyň ösen tejribesi işjeň ulanylar we önümçilik toplumlary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze, kämil enjamlary bilen üpjün ediler. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda degişli işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu babatda ýerli tebigy şertleriň göz öňünde tutulmagy, önümçilik toplumlarynyň ekologik taýdan häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şunda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi netijeli utgaşdyrylmalydyr.

Soňra Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherinde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň hemmesinde amatly ýaşaýyş we göwnejaý dynç alyş üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, öýleriň otaglarynyň ýerleşdirilişi häzirki zamanyň ösen talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa adamlaryň täze ýaşaýyş jaýlaryna höwes bilen göçüp gelmeklerinde aýratyn ähmiýetlidir. Bu ugurdaky çäreleriň ýokary derejede alnyp barylmagy ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde sazlaşykly işler ýola goýuldy.

Hormatly Arkadagymyz täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralarynyň guramaçylykly geçirilmelidigini, guralýan dabaralaryň döwrebap öýlere göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslenmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şol bir wagtyň özünde, täze ýaşaýyş jaýlaryny paýlamak işleri milli kanunçylyk esasynda alnyp barylmalydyr.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda golaýda ýurdumyza hoş habarlaryň gelip gowşandygyny uly buýsanç bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyz üçin guwançly hoş habarlary ýetirendigi barada aýdyp, hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen gutlandygyny nygtady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ýurdumyz bu düzümiň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalyga saýlanyldy.

Diýarymyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändigini, Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda eziz Watanymyzyň at-abraýynyň has-da belende galýandygyny we taryhy ykrarnamalara eýe bolýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu şanly wakalar bilen hormatly Prezidentimizi we ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir görkezijisidir. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ösdürmäge, sebit we dünýä ähmiýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşýandygynyň anyk mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň «Irden turda ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «At agynan ýerde toý bolar», «At — myrat» ýaly paýhasly jümleleri döredendigini belläp, ýurdumyzda toýlaryň toýa ulaşýandygyny, şatlykly habaryň Bitaraplyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda gelip gowuşmagynyň mähriban halkymyzy beýik ösüşli ýollarda bedew bady bilen ynamly gadam urmaga ruhlandyrandygyny aýtdy. Şeýle-de türkmen toýlaryny bedewsiz göz öňüne getirip bolmaýandygyna, halkymyzyň guwanjyna, begenjine we buýsanjyna öwrülen, özboluşly şaý-seplere beslenen bedewlerimiziň toýlarymyzyň ýaraşygydygyna üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda behişdi bedewleriň ýakyn syrdaş hasaplanýandygy, olaryň halkymyzyň milli gymmatlygy bolup durýandygy barada aýdylýar. Milli Liderimiz geljekde-de behişdi bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmak, ahalteke bedewlerini bezemek däpleriniň gadymy ýörelgelerini has-da ösdürmek ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi. “Atçylyk sungatymyzyň dünýä gymmatlygynyň sanawyna goşulmagy ähli atşynaslarymyzy, atlarymyzy bezemek bilen meşgullanýan döredijilik işgärlerimizi beýik işlere ruhlandyrýar hem-de buýsandyrýar” diýip bellemek bilen, hormatly Arkadagymyz bedewleriň taryhyň dowamynda halkymyzyň wepaly syrdaşyna öwrülendigini aýtdy.

Türkmenleriň ähli döwürlerde we asyrlarda gamyşgulak atlaryna, ajaýyp halylaryna, dag-düzlerine, çöllerine, deňizlerine çäksiz buýsanjy-guwanjy halkymyzyň beýik halk bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplyk baýramynyň toýlanýan günlerinde gelip gowşan hoş habarlar bilen hormatly Prezidentimizi we mähriban halkymyzy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň Baş baýdak meýdançasyna geldi. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyrylar.

Gahryman Arkadagymyz täze şäherde ilkinji gezek belleniljek Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralaryň ýokary derejede geçirilmelidigini belläp, bu ýerde belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary guramak, baýramçylyk dabaralarynyň türkmen toýlaryna mahsus ýagdaýda köpöwüşginli çykyşlar bilen utgaşmagyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde şäher myhmanhanalarynda hyzmatlaryň ýokary derejesi ýola goýulmalydyr. Şunda Arkadag şäherinde guraljak baýramçylyk dabaralaryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden geljek myhmanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine üns çekildi. Bu ýerde guralýan ähli çäreler, söwda we hyzmatlar häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede bolup, olar baýramçylyga gatnaşmaga gelen myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmalydyr.

Guralýan baýramçylyk dabaralary, ulular üçin bolşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin hem şatlykly pursatlara beslenmelidir. Şol bir wagtyň özünde, şäheriň ähli çäklerinde göçme söwdalar guralyp, olarda sowgatlyk we azyk önümleriniň köp görnüşleriniň hödürlenilmegi, söwdanyň medeniýetiniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Soňky habarlar
20.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
20.02
Döredijilikli syýasat we netijeli hyzmatdaşlyk — Watanymyzyň okgunly ösüşiniň möhüm şerti
19.02
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
19.02
Türkmenistanda Meksikanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
19.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 563 müň dollaryndan gowrak boldy
18.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda
18.02
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasaty we diplomatiýasy
17.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
16.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow