Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Germaniýa Federatiw Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi
Medeniýet
Germaniýa Federatiw Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi
Çap edildi 09.12.2023
1792

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä edebiýatynda meşhurlyk gazanan şahsyýetleriň ömür ýollarynyň öwrenilmegi, edebi miraslarynyň toplanylmagy we neşir edilmegi, gymmatly garaýyşlarynyň dünýä ýaýylmagy babatynda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 23-nji dekabryndaky Karary bilen tassyklanan «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda ýurdumyzda we daşary ýurt döwletlerinde çäreler geçirilýär. Meýilnama laýyklykda, ýurdumyzyň ylym-bilim we medeniýet ulgamynyň wekilleri 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-9-y aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyna ugradyldy.

2023-nji ýylyň 5-nji we 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň ylym, bilim we medeniýet ulgamynyň wekilleri ýewropaly alymlary bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ýazuwly ýadygärligiň altyn hazynasyny düzýän seýrek eserleri – golýazmalary abat saklamak, öwrenmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen türkmen taryhyna, edebiýatyna, diline degişli golýazmalary toplanmak, dünýä meşhur akyldarlaryň eserlerini Türkmenistanda we daşary ýurtlarda neşir etmek ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler.

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Berlin şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahaty hem-de şahyryň nemes dilinde terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çykyşlarda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, şahyryň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllaryň dowamynda türkmen we nemes alymlarynyň bilelikde şahyryň eserleriniň terjimesi bilen bagly edilen işler we onuň ömri hem-de döredijiligi bilen bagly täze açyşlar hakynda gürrüň edildi. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň türkmen we nemes dillerindäki şygyrlary okaldy. Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde milli şygryýetimiziň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy hakyndaky kitaplaryň, kitapçalaryň we beýleki maglumatlaryň sergisi guraldy.

2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde ýerleşýän bu ýurtdaky ilçihanasy tarapyndan guralan türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi.

Soňky habarlar
29.02
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
29.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
29.02
Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň rowaçlygy — ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň esasy wezipesi
28.02
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäreler giň gerime eýe bolýar
27.02
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek — Türkmenistanyň täze başlangyçlarynyň ileri tutulýan ugry
26.02
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
26.02
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda
26.02
2024-nji ýylyň 3-5-nji marty aralygynda Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we türkmen-owgan işewürler maslahaty geçiriler
26.02
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 16 million dollaryndan gowrak boldy
top-arrow