Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär - “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär - “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýewiň Merkezi saýlaw toparynda eden ÇYKYŞY
Çap edildi 25.12.2016
1148

Hormatly adamlar! Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde - dünýewi, hukuk döwletimizde demokratiýa gün-günden dabaralanýar. Jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar, biz hem häzirki döwürde şonuň şaýady bolýarys. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda syýasy partiýalar hereket edýär, jemgyýetçilik guramalary hem bar, şolaryň hemmesi syýasy çärelere gatnaşýarlar. Syýasy partiýalara döwlet tarapyndan syýasy işlere gatnaşmaga deň şertler döredildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem ýurdumyzda geçirilýän halk maslahatynyň agzalarynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna gatnaşdy. Indi bolsa, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Men Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan Prezident saýlawlaryna dalaşgär hödürlendim. Partiýa agzalaryna bildiren ynamy we biragyzdan goldandyklary üçin, köp sagbolsun aýdýaryn. Häzirki taryhy döwürde hususy pudagyň ösmegi üçin uly işler alnyp barylýar. Halkymyz telekeçileriň alyp barýan işleriniň miwesini görýär, ýagny gurluşykda, senagatda, söwdada, oba hojalygynda, hyzmat ediş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilişi ýokarlanýar, bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ep-esli berkidýär. Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda, döwlet tarapyndan hususyýetçilere örän uly goldaw, ýeňillikli we uzak möhletli karzlar berilýär, işewürlik we hojalyk başlangyçlaryny amala aşyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly adamlar! Goldanyňyz üçin köp sagbolsun aýdýaryn. Saýlaw toparyna we syýasy partiýalara türkmen halkynyň rowaçlygynyň, eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da artmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärin. Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli watandaşlarymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn, berk jan saglyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow