Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär – Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowyň Merkezi saýlaw toparynda eden çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär – Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy Durdygylyç Orazowyň Merkezi saýlaw toparynda eden çykyşy
Çap edildi 25.12.2016
1119

Ilki bilen meni ýokary döwlet wezipesine – Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürländigii üçin Agrar partiýanyň Merkezi Geňeşine çyn ýürekden sagbolsunymy aýtmaga rugsat ediň. Biz, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşaýarys. Biziň erkana halkymyz, abadan ýurdumyz bar. Şeýle zamanada ähli işlerimiz ösüşlere beslenýär. Ýurdumyz demokratik ösüşleriň we özgertmeleriň ýolundan batly gadamlar bilen öňe barýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde häzirki döwürde ýurdumyzda üç sany syýasy partiýalaryň hereket edýändiklerini aýtmak bolar. Geçirilýän her bir saýlawlaryň kanunalaýyk demokratik esaslarda we guramaçylykly geçirilmegi netijesinde ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere beslenýär. Şu gezekki Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna hem ilkinji gezek üç sany syýasy partiýalar tarapyndan we teklipçi toparlar tarapyndan hödürlenen dalaşgärleriň gatnaşmagynda bäsleşik esasynda geçirilmegi ýurdumyzda demokratiýanyň hukuk esaslarynyň yzygiderli kämilleşýändigine şaýatlyk edýär. Esasy zat hem demokratiýanyň ata babalarymyzyň bize wesýet eden milli ýörelgeleriň esasynda ösdürilýändigidir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelerde oba hojalyk pudagynda hem amala aşyrylýan işler bimöçberdir. Bu ugurda döredilen Agrar partiýanyň baş maksady hem hut oba hojalyk pudagyny mundan beýläkde ösdürmekden we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň oba hojalygy iki sany wajyp wezipäni ýerine ýetirýär: birinjiden – ýurdumyzyn ilatyny azyk önümleri bilen, ikinjiden - gaýtadan işleýän kärhanalarymyzy çig mal bilen üpjün edýär. Ýurdumyzyň oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşynyň düýpli özgerdilmegi we onuň şäher ilatynyň derejesine ýetirilmegi baş maksatlaryň biri bolup durýar. 2020-nji ýyla çenli döwür üçin kabul edilen oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde durmuş maksatly binalaryň ýüzlerçesi guruldy, suw, gaz we elektrik geçirijileriň müňlerçe killometri çekildi, awtoulag ýollarynyň müňlerçe kilometri gurlup, ulanmaga berildi, telefon belgileriniň ýüz müňlerçe nokady oturdyldy, şeýle hem beýleki düzümleýin desgalar guruldy. Saýlawçylar bilen welaýatlarda geçiriljek duşuşyklarda öz maksatnamamy giňişleýin beýan ederin we olaryň sargytlaryny bellige alaryn. Ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşjak dalaşgärleriň hemmesine saýlawlarda uly üstünlikleri arzuw edýärin. Täze, 2017-nji ýyl hem ýurdumyz, halkymyz we bütin adamzat üçin bagt getirjek ýyllaryň biri bolsun.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow