Hormatly adamlar! Men raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan hödürlenilen dalaşgär, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Annanepesow Maksat Kowusowiç. Ýurdumyz möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä-Prezdentiň saýlawlaryna barýar. Turubaşdan aýtmakçy bolýanym-ol hem ýurtda saýlawlaryň geçirilip durulmagy şol ýurtda abadan durmuşyň bardygyndan nyşan. Saýlanmak raýatlaryň iň esasy syýasy hukuklarynyň biridir. Saýlawlar - jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň esasy çeşmesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ýurdumyzda saýlawlar demokratik ýörelgeler, bäsleşik esasynda, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, ähli dalaşgärler üçin deň şertlerde geçirilýär. Ýurdumyzda her bir raýatyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin Ýaşulularyň maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary baradaky kadalar dünýäniň iň öňdebaryjy tejribeleri we milli tejribämiz esasynda kämilleşdirildi. 2013-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi hem saýlawlary geçirmegiň demokratik kadalaryny özünde jemlemek bilen, yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli demokratiýanyň, adam hukuklarynyň doly berjaý edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde gazanylýan görlüp-eşidilmedik öňegidişlikler berkarar ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we durmuş binýadyny has-da berkidýär. Ýurdumyzyň halk hojalygy tutuş täzelenip, düýpgöter özgerdi, täze önümçilik kuwwatlyklary ornaşdyrylyp, ägirt uly desgalar, göreni haýran edýän binalar gurulýar. Bagtyýar halkymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň, her bir raýatynyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy baş maksadymyz bolup durýar. Daşary syýasatda bolsa parahatçylygy berkitmek esasy maksatlarymyzyň biridir. Men dalaşgär hökmünde öz maksatnamamda geljek üçin niýetlerim barada giňişleýin gürrüň bererin. Biz, elbetde, gazanylanlar bilen çäklenmän, öňe ynamly hereket etmeli. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, “Herekete bereket”. Pursatdan peýdalanyp, meni dalaşgärlige goldan teklipçi toparynyň agzalaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär edip bellige alan Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryna hoşallygymy bildirýärin. Türkmenistanyň agzybir halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.