Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 27.11.2023
2190

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz we ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili mähirli salamlaşyp, dünýä bileleşigi tarapyndan uly ähmiýet berilýän möhüm ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Öňde Dubaýda geçiriljek howa meseleleri boýunça “COP-28” maslahatyna taýýarlyk görmek, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatda hyzmatdaşlygy hem-de bu ulgamdaky gatnaşyklary hukuk taýdan berkitmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere daşary syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň garaýyşlaryna, şol sanda ABŞ-nyň bu babatda halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça geçirýän çärelerine hormat bilen garaýandygy, öňe sürýän başlangyçlaryna bolsa türkmen tarapynyň oňyn baha berýändigi nygtaldy.

ABŞ-nyň Prezidentiniň Ýörite wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa howanyň üýtgemegine garşy göreş ýaly häzirki döwrüň möhüm meselesini çözmek we atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uly ähmiýetli işleri geçirýändigi üçin hoşallyk bildirip, birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ählumumy ekologik wehimleriň dünýä döwletleriniň öňünde täze wezipeleri, ozaly bilen, milli meýilnamalaryň hem-de strategiýalaryň döwrebaplaşdyrylmagy, olara parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça häzirki zaman usullarynyň girizilmegi bilen baglanyşykly wezipeleri goýýandygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýumlary gönükdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy öz çözgüdini talap edýär.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bu ulgamda halkara başlangyçlaryň we ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar, şeýle hem degişli konwensiýalaryň we şertnamalaryň milli derejede ornaşdyrylmagy boýunça anyk çäreleri amala aşyrýar. Biziň ýurdumyzyň şu ýylyň 13-nji noýabrynda BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekmegi Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolunda ilkinji ädim boldy.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda Glazgoda geçirilen “COP-26” maslahatynyň dowamynda biziň ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasy boýunça başlangyjy goldaýandygyny we onuň düýpli öwrenilmegine gyzyklanma bildirýändigini mälim edendigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu mesele boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýörite wekili Jon Kerri oňyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek baradaky pikiri tassykladylar.

Telefon söhbetdeşligi amerikan tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
25.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
25.02
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
24.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.02
Türkmenistanyň köpugurly kuwwaty — durnukly ösüşiň bähbidine
24.02
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.02
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.02
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
23.02
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli duşuşyklar
23.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow