Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda halkara forum geçirildi
Ykdysadyýet
Aşgabatda halkara forum geçirildi
Çap edildi 26.11.2023
1756

Şu gün paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmek bilen, ähli ugurlar, şol sanda ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edip, öz döredijilik mümkinçiliklerini bütin adamzadyň bähbidine doly peýdalanmaga ygrarlydygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary biragyzdan kabul edendigini nygtamaly. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen we döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli ilerledilýän halkara başlangyçlaryň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň, şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň artýandygynyň nobatdaky güwäsidir.

“Türkmendemirýollary” agentliginiň binasynda utgaşykly görnüşde geçirilen foruma ýurdumyzyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, BMG-niň Türkmenistandaky degişli agentlikleriniň, abraýly halkara, sebit we sebitara ulag düzümleriniň, bu ugurda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazananlaryny görkezýän sergi guraldy.

Ýurdumyzyň ulag-logistika infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy asyrlaryň dowamynda ýurtlary hem-de halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmekde giň mümkinçilikleri açýar. Sergide «Türkmendemirýollary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň, «Türkmeniň Ýüpek ýoly» gazetiniň harytlary we ýolagçylary daşamak boýunça islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen ýokary derejeli ulag infrastrukturasynyň kemala gelýändigini, şeýle hem ýurdumyzyň ulag edaralarynyň işiniň, hyzmatlarynyň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplydygyny şöhlelendirýän diwarlyklarynyň ýaýbaňlandyrylmagy munuň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen birlikde, netijeli gatnaşyklar, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýum işjeňligi üçin giň ýol açýan geljegi uly taslamalar, bu ulgamyň dünýä derejesindäki ösüş meýilleri, ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada söz açýan wideoşekiller görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenilýär. “Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada geljek ýyllarda ulag ulgamynda giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny amala aşyrmak göz öňünde tutulandyr” diýlip, Gutlagda nygtalýar.

Ulag ulgamyny we logistikany ösdürmek, durnuklylygy üpjün etmek, ulag infrastrukturasynda tehniki taýdan hyzmat ediş işini gowulandyrmak, bu pudakda halkara goldawy giňeltmek we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin bilimleri, tejribeleri, innowasion çemeleşmeleridir çözgütleri alyşmak, sanly tehnologiýalary ulanmagyň täze mümkinçiliklerini ýüze çykarmak forumyň esasy maksadydyr. Umumy mejlisde sanly ulgam arkaly Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri çykyş etdiler.

Çykyşlarda ulag ulgamy boýunça aragatnaşygyň harytlary daşamagyň çykdajylaryny azaltmak we dünýä bazarlaryna elýeterliligini gowulandyrmak nukdaýnazaryndan ähli döwletleriň geljegi üçin möhüm ähmiýetlidigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, goşulyşmak işlerini ýeňilleşdirmekde, obalaryň we şäherleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin has amatly şertleri döretmekde ulagyň wajyplygyna üns çekildi.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy bu çäräniň irki döwürlerden bäri Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygy bolup hyzmat edýän Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini nygtady. Bellenilişi ýaly, 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy bolup durýan Türkmenistan bu hyzmatdaşlyga öz mynasyp goşandyny goşýar. Şunuň bilen baglylykda, jenap Miroslaw Antonowiç geljek ýyl Türkmenistanda agzalan guramanyň ýokary derejeli çäresini geçirmek mümkinçiligine ynam bildirdi.

Maslahata gatnaşyjylar tutuş dünýä üçin durnukly ulag aragatnaşygyny gazanmagyň ähmiýetine we derwaýyslygyna ünsi çekip, ählumumy Gün tertibiniň wezipelerini ýerine ýetirmekde durnukly ulagyň möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu senäniň baýram edilmeginiň multimodal ulag gatnawlarynyň artdyrylmagy, ekologik taýdan arassa ulaglaryň ösdürilmegi we durmuş ugurly ulag infrastrukturasynyň döredilmegi barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrjakdygy nygtaldy.

Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto durnukly ulagyň howpsuz, netijeli we «ýaşyl» dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň esasydygyny belledi. Durnukly ulag jemgyýet bilen bilelikde, tebigat bilen sazlaşykly işlemek arkaly her bir adama mynasyp zähmet çekmek, aragatnaşyk, söwda, ykdysady ösüş üçin mümkinçilikleri döretmek, durnukly ösüş, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm ugurlaryň biridir.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri ulag diplomatiýasynyň ösdürilmegine Türkmenistanyň goşýan bimöçber goşandyny nygtady. “Durnukly ösüş meseleleri söwdany we ykdysady işjeňligi goldamakda ählumumy Gün tertibiniň wajyp ugry bolmagynda galýar. Bularyň ählisi nazara alnyp, YHG-nyň ministrler geňeşi tarapyndan 2022-nji ýyl “Özara baglanyşygy pugtalandyrmagyň ýyly”, 2023-nji ýyl bolsa “Ýaşyl” geçişiň we özara baglanyşygy pugtalandyrmagyň ýyly” diýlip yglan edildi” diýip, Baş sekretar sözüniň üstüni ýetirdi.

Çykyş edenler sebitde üstaşyr gatnawlaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň ornuny belläp, ýurduň ulag ulgamlarynyň durkunyň düýpli täzelenmegi we ösdürilmegi, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly açyljak ägirt uly mümkinçilikler barada umumy pikirlerini beýan etdiler. Türkmenistanda strategik taýdan möhüm bu pudakda durmuşa geçirilýän başlangyçlara aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler ýurdumyzyň BMG-niň ulag meseleleri boýunça ählumumy dialog babatda başlangyjy öňe süren döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga uly goşant goşýandygyny bellediler. Şu günki maslahat munuň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

Ylmy-amaly maslahat öz işini «Durnukly ulag ulgamynda täze tehnologiýalar we çözgütler» hem-de «Durnukly ulag ulgamynda logistika we infrastruktura» atly iki mejlisde dowam etdi. Birinji mejlisde çykyş edenler innowasion ösüşe geçilýän şertlerde ulaglara halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, tebigy baýlyklardan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen ykdysady ösüşiň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garalýandygyny nygtadylar. Pikir alyşmalaryň dowamynda dünýäniň ulag hyzmatlary bazarynyň ýagdaýy, ýük akymlarynyň geografiýasy we ösüş depgini, bu ugurda netijeliligi, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmakda awtomobil hem-de howa ulaglarynyň orny, halkara ýük daşamalar giňişligini diwersifikasiýalaşdyrmak, töwekgelçiliklere gözegçilik etmek, logistik çykdajylary hasaba almak ýaly meseleler gozgaldy. Sanly ulgama geçmek we söwda akymlaryny işjeňleşdirmek üçin «Bir penjire» ulgamyny işjeň ornaşdyrmak ulag ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulgamlar arkaly ýerüsti, deňiz ulag düzümini ösdürmäge maýa goýumlary artdyrmak babatda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Ikinji mejlisde köp sanly düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ösüp barýan döwletlere peýda getirmäge, üstaşyr ýük daşamalaryň nyrhyny peseltmäge we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etmelidigi hakynda gürrüň edildi. Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda kuwwatly logistik merkeze öwrülýär. Ýurdumyz daşary ýurtlardan gämileri satyn almak bilen bir hatarda, öz ýerli zawodynda olaryň gurluşygyny ýola goýdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda utgaşdyrylan halkara logistik ulgamy döretmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Ulag ulgamyny hem-de logistikany sanlylaşdyrmakda halkara tejribäni öwrenmäge ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigine aýratyn üns çekildi.

Halkara forumyň çäklerinde Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak bilelikdäki iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisde özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar forumyň işiniň netijeli we ýokary guramaçylykly geçirilmegi babatda hemmetaraplaýyn goldawlary, zerur şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Soňky habarlar
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.11
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
18.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady
top-arrow