Aşgabatda geçiriljek Kuraş boýunça 14-nji Dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy, emma onuň ýylyň esasy sport wakalarynyň biri hökmünde taryha girjekdigini eýýämden aýdyp bileris.
Dünýä birinjiligi ugrundaky bu ýaryş heniz başlanmazdan, oňa gatnaşmaga isleg bildirenleriň sany boýunça özboluşly rekord goýdy. Şu gün Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy tarapyndan berlen täze maglumatlara görä, Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna sportçulary (243), tälimçileri, eminleri we beýleki resmi adamlary-da goşanyňda, jemi 53 ýurtdan 490-dan gowrak adam gelmeli. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen dünýä çempionatyna şundan 126 adam az gatnaşypdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatly strategiýa netijesinde Aşgabadyň Halkara Kuraş Assosiasiýasy tarapyndan (IKA) giňden goldaw tapan, ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülmeginiň täze aýdyň subutnamasydyr.
Hemişelik Bitarap Watanymyz sport pudagynda täsir galdyryjy üstünlikler gazanýar. Mysal üçin, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýurdumyza uly abraý getirendigi jedelsizdir. 2018-nji ýylda bolsa «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy we agyr atletika boýunça dünýä çempionaty uly üstünlik bilen geçirildi.
2021-nji ýylda Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiadanyň meýilnamasyna görä, agyr atletika boýunça zenanlar arasyndaky ýaryşda ilkinji kümüş medalyň gazanylmagy milli sportumyzyň taryhynda şanly waka boldy.
Şu ýylyň iýun aýynda türkmen paýtagty ikinji gezek 12 ýaşa ýetmedik oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça toparlaýyn Merkezi Aziýa çempionatynyň geçirilen ýeri boldy. Bu ýaryşda alty ýurtdan: Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan gelen ýaş sportçular «iň güýçli» diýen at ugrunda bäsleşdi.
Indi bolsa Aşgabat dünýä möçberindäki ýene bir uly ýaryşy geçirmäge taýýar. Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Guramaçylyk komitetiniň döredilýändigi baradaky Karara gol çekmek bilen, onuň düzümini tassyklady.
Kuraş boýunça Dünýä çempionatynyň açylyşynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň 2023 – 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Hökümetara bedenterbiýe we sport komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bolsa ýene bir möhüm waka boldy. Bularyň ählisi Watanymyzyň ýokary halkara abraýyna, şeýle hem onuň bedenterbiýäniň we sportuň ösmegine we dünýäde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ýaýramagyna goşandynyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýär.
Ýedi erkek we sekiz zenan agram toparynda 15 medal toplumy ugrunda bäsleşiljek dünýä çempionaty Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungaty toplumynda geçiriler. 25-nji noýabrda boljak açylyşyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümi belli boldy. Ol iň ezber kuraş ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen seçip alyş ýaryşlarynyň netijeleri boýunça kesgitlendi.
Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparyna: Wepa Öwlüýägulyýew (agram topary 60 kg çenli), Döwlet Hemragulyýew (66 kg çenli), Şatlyk Jumanyýazow (73 kg çenli), Daýanç Omirow (81 kg çenli), Sanjar Abdyrahmanow (90 kg çenli), Ruslan Esgerow (100 kg çenli) we Sapa Sapaýew (100 kg-dan gowrak); zenanlar toparyna bolsa Aýşirin Haýdarowa (48 kg çenli), Aýnur Amanowa (52 kg çenli), Gülşat Annaýewa (57 kg çenli), Dinara Rozykulowa (63 kg çenli), Mariýa Lohowa (70 kg çenli), Sabina Kadyrowa (78 kg çenli), Jahan Muhammedowa (87 kg çenli) we Sabina Agajanowa (87 kg-dan gowrak) dagy girdi.
Türkmen kuraş ussatlary dünýä çempionatynyň soňky türgenleşigini 20-nji oktýabr bilen 21-nji noýabr aralygynda Arkadag şäherindäki köpugurly sport toplumynda geçirdiler. Ol ýerde ýaryşlara netijeli taýýarlyk görmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektorlygynyň kömegi bilen milli ýygyndy topar bilen bir aýyň dowamynda psihologlar we owkalaýjy-reabilitatorlar işlediler. «Ussat inžener» hususy kärhana bolsa türgenleriň aşa ýokumly iýmitlenmegi baradaky aladany öz üstüne alyp, olary her gün witamine baý dürli nahar taýýarlaýan aşpez bilen üpjün etdi.
Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda türgenlerimiziň wezipesi türkmen sportunyň at-abraýyny has-da ýokary derejä götermekdir. Bu ugurda ýurdumyzda örän köp zat, şol sanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda edilýär.
Geçen ýyl Hindistanda geçirilen dünýä çempionatynda ildeşlerimiz bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar. Türkmenistan toparynyň pikiriçe, bu gezek türkmen kuraş ussatlary has üstünlikli çykyş etmeli.
Ýygyndy toparymyzyň tälimçileriniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýokary netijeli sporty ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi türgenlere goşmaça güýç bermek bilen, olarda ýeňşe ynam döredýär.