Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri
Medeniýet
Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri
Çap edildi 02.11.2023
634

29 — 31-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresi iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna we döwletara ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi.

Medeni çäräniň ilkinji gününde Daşkent şäherinde ýerleşýän Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu çärä iki ýurduň medeniýet, ylmy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistanda ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Çäre başlanmazdan ozal, türkmen wekiliýeti Daşkent şäheriniň medeni künjekleri bilen tanyşdy.

...Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler häzirki döwürde türkmen-özbek ynsanperwer gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine esaslanýan hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär. Şunda medeni gatnaşyklary ilerletmäge hem aýratyn orun berilýär. Çärä gatnaşyjylar medeni gatnaşyklary berkitmekde edebiýatyň uly ornunyň bardygyny nygtadylar. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk köprüsi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň belleniljekdigi, şol ýylyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, bu çözgüt iki ýurduň halklaryny diýseň begendirdi. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm senäni ýokary derejede geçirmek boýunça bilelikdäki taýýarlyk işleri barada aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen sungat ussatlary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler. Aýdymlar bu ýere ýygnananlar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

30-njy oktýabrda Daşkent şäherinde ýerleşýän Halkara maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we konsert geçirildi. Çärä Özbegistan Respublikasynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, medeniýet, sungat, ylym-bilim ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, şäheriň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Maslahatlar merkeziniň eýwanynda türkmen halkynyň taryhyna we häzirki döwürde ýeten derejesine, özboluşly däp-dessurlaryna, senetçiligine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde halkymyzyň medeniýetini, köpugurly sungatyny, amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň ösüşini beýan edýän milli gymmatlyklar toplumy görkezildi. Sergi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik özgertmeler, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Medeni çäräniň açylyş dabarasyndan soňra, sungat ussatlarynyň konserti boldy. Ol iki halkyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklara bagyşlanan «Türkmen halkyndan salam!» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Mundan başga-da, türkmen aýdym-saz sungatynyň naýbaşy eserleri ýerine ýetirildi. Türkmen halk aýdymlarydyr tanslar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Konserte özbek artistleri hem işjeň gatnaşdylar. “Küştdepdi” tansynyň ýerine ýetirilmegi baýramçylyk çäresiniň iň şowhunly pursatlary boldy. Onda tansyň üsti bilen türkmen halkynyň döredijilik ruhy şöhlelendirilýär. Konsertiň ahyrynda «Dostluk aýdymy» atly aýdym ýaňlandy.

Şol gün Özbegistanyň Döwlet konserwatoriýasynda iki ýurduň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň duşuşygy guraldy. Onda häzirki döwrüň saz medeniýeti, onuň köpöwüşginli ugurlary boýunça tejribe alyşmak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň konserwatoriýalarynyň wekilleri türkmen-özbek gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilmeginde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini belläp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döredijilik toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Medeni çäräniň jemleýji gününde — 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanyň gadymy şäherleriniň biri bolan Buhara şäherinde ýerleşýän we Magtymguly Pyragynyň bilim alan Gögeldaş medresesine baryp gördi. Watandaşlarymyza medresäniň taryhy, binagärligi, onda bilim alan şahsyýetler barada gyzykly gürrüňler berildi. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň agzalary Magtymguly Pyragynyň bu ýerde bilim alan döwründe ýaşan otagyna baryp gördüler.

Günüň ikinji ýarymynda Buhara şäherinde Türkmen halysynyň muzeýiniň hem-de haly dokalýan önümhananyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde ýerleşdirilen haly we haly önümleri, haly dokalanda ulanylýan gurallaryň dürli görnüşleri açylyş dabarasyna gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Halkymyzyň gadymdan gelýän milli senedi bolan halyçylyk sungatynyň barha ösýändiginiň, nepis türkmen halylarynyň bütin dünýäde şöhratynyň belende galýandygynyň subutnamasy bolan bu dabara köp sanly myhmanlary bir ýere jemledi. Açylyş dabarasynyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly aýdym-sazlaryna giň gerim berilmegi, dabara gatnaşyjylaryň hoşallyk çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy şatlyk-şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenip, dabarany ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi.

Şol gün Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa iki ýurduň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary gatnaşdylar. Bu döredijilik forumy biziň halklarymyzyň köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň ähmiýetiniň uludygyny nobatdaky gezek tassyklap, köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Meşhur halk sazandalarynyň we bagşylarynyň, opera, estrada aýdymçylarynyň, «Miras» folklor-tans toparynyň çykyşlary jemleýji baýramçylyk konsertine gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Watanymyzy, söýgini, dost-doganlygy wasp edýän türkmen aýdymlary özbek tomaşaçylary tarapyndan mähirli garşylandy. Çykyşlarda halk we häzirki zaman sungatynyň baýlygy, özboluşlylygy hem-de köpöwüşginliligi, täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Bularyň ählisi sungatyň birleşdiriji, döredijilikli güýjüniň aýdyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri türkmen we özbek halklaryny ruhy taýdan ýakynlaşdyrmaga, iki ýurduň özara düşünişmegini, dostlugyny çuňlaşdyrmaga tarap ýene bir ädim boldy.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistan ösüşleriň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
01.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowany gutlady
30.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.04
«Türkmenaragatnaşyk» agentligine Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurmak barada HJ «Baş bina» bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
30.04
Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär
30.04
Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi
30.04
Suw hojalygy pudagynda sebit hyzmatdaşlygy
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
top-arrow