Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 29.10.2023
1085

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi ata Watanymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilip geçilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Size merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny ilerletmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň taýsyz tagallalaryňyzyň netijesinde ähli pudaklarda sazlaşykly ösüşleriň gazanylmagynda döredilýän mümkinçilikler bilen bir hatarda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we umumadamzat mirasyna öwrülen gymmatlyklarynyň has-da şöhratlandyrylmagynyň ähmiýeti örän uludyr. Siziň milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan maksatnamalaýyn we netijeli işleriňiz biziň edermen, wepaly, kuwwatly alabaýlarymyzyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagyna ýardam edýär. Gorky-ürkini bilmeýän namysjaň goragçy — türkmen alabaýy itleriň iň gadymy tohumlarynyň biri hasaplanýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda gözbaşy gadymy döwürlerden gaýdýan milli itşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bu möhüm pudagy ösdürmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge, täze derejelere çykarmaga uly mümkinçilik berýär. Baýramçylyk günleri Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň üçünji mejlisiniň geçirilmegi bu baýramyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siz alabaýlaryň türkmen halkynyň diňe bir kömekçisi, emlägiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dostuna öwrülendigini hem belleýärsiňiz. Bu gün olar türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olary saklamak we geljek nesillere ýetirmek ýaly pederlerimiziň asylly däpleri häzirki döwürde hem dowam etdirilmelidir. Assosiasiýa, ilkinji nobatda, Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işlerini, tagallalary birleşdirmäge, alabaýlaryň aňyrdan saklanyp gelýän ugurlaryny dowam etdirmäge, arassa ganlylygyny saklamaga we bu ugurdaky işleriň hemmesini kanunalaýyk alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzda itşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin ýörite hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda türkmen alabaýlarynyň halkara bäsleşiklerini geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Siziň kabul eden resminamaňyz esasynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi türkmen alabaýynyň jemgyýetimizdäki we halkara giňişlikdäki ähmiýetini has-da şöhratlandyrýar.

Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny saklamak we ösdürmek, alabaýlaryň sanyny artdyrmak, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmak, itleriň bu tohumyna tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmek, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi Türkmen alabaýyna hem-de itşynaslyk sungatyna berilýän uly ähmiýetiň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi eziz Diýarymyzda uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, başyňyz dik, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 

Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady
02.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.10
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
02.10
Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça Guramaçylyk topary döredildi
02.10
«Hatyra» kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy
02.10
Ýokary tehnologiýalar milli bilim ulgamynyň hyzmatynda
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ähli tagallalarymyzy Garaşsyz Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirýäris
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
top-arrow