Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň bilelikdäki harby okuw türgenleşigi
Syýasat habarlary
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň bilelikdäki harby okuw türgenleşigi
Çap edildi 21.10.2023
1504

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow «Kelete» okuw-türgenleşik merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň bilelikdäki harby okuw türgenleşigi geçirildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan hem-de Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, ony öňdebaryjy ýaraglar we harby tehnikalar bilen üpjün etmäge gönükdirilen köptaraply harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi dowam edýär.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinanyň ileri tutulýan wezipelerinden ugur alyp, edermen Watan goragçylary ýurduň parahatçylygyny we asudalygyny, halkyň abadan durmuşyny üpjün edýärler. Şunuň bilen birlikde, esgerleriň, serkerdeleriň hünär taýýarlygyny, şol sanda ýaraglara, söweş tehnikalaryna erk etmeklerini, düzüm bölümlerinde takyk özara hereket etmegi kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülýändigini nygtamak gerek. Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, durmuş maksatly meseleleri çözmek maksady bilen, bu edaralar üçin döwrebap toplumlar, düzümleriň gullukçylary üçin amatly ýaşaýyş jaýlary bina edilýär. Olaryň harby borçlaryny mynasyp ýerine ýetirmekleri, dynç almaklary, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär.

Goşunlaryň ähli görnüşini utgaşykly işläp taýýarlamak maksady bilen, harby-taktiki okuwlar yzygiderli geçirilýär. Şol okuwlar harby gullukçylaryň hünär derejesini, Ýaragly Güýçleriň kuwwatyny hem-de goranyş mümkinçiligini artdyrmaga gönükdirilendir.

...Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda “Kelete” okuw-türgenleşik merkezine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew bilelikdäki okuw türgenleşigine taýýarlyk barada hasabat berdi. Harby türgenleşige Ýaragly Güýçleriň guryýer, howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, harby-howa, harby-deňiz hem-de «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň ähli düzüm birlikleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň «Türkmen edermen» ýörite maksatly düzümleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty kabul edip, okuw türgenleşiginiň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra Harby orkestr belent ruha beslenen watançylyk aýdymyny ýerine ýetirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi bilen, harby okuw türgenleşigi başlanýar. Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, bu gezekki türgenleşigiň maksady harby hünärmenlerimiziň ýerde, howada, deňizde söweş alyp barmak sungatynyň we taktikasynyň täze, öňdebaryjy usulyýetini, tilsimlerini sazlaşykly ýerine ýetirip, hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Harby türgenleşikde uçarmansyz uçarlaryň howadaky uçuşlary we ot atyş urgulary «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň kömegi bilen göni aragatnaşykda sanly ulgam arkaly ýörite ekranlarda görkezildi. Bu gezekki harby okuw türgenleşigi ýurdumyzyň beýleki goşun galalaryndaky we deňiz güýçlerimizdäki okuw merkezlerinde-de geçirilip, olar sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda göni ýaýlymda görkezildi.

Toparlaryň öňünde garşylykly hereket edýän toparlary zyýansyzlandyrmak, garşydaşyň howa hüjümlerine garşy göreşmek, ýörişi bökdemek üçin döredilen meýdandan ýörite himiki gorag serişdelerini ulanyp ýitgisiz geçmek, suw päsgelçiliklerinden geçmek boýunça wezipeler goýuldy. Harby-deňiz güýçleriň harby türgenleşige gatnaşýan gämileri garşydaşyň hereket edýän gämilerine garşy hereket etmek boýunça harby-deňiz taktikasyna laýyklykda, bilelikdäki söweşjeň meýilnamalaşdyryşy amala aşyrdylar.

Watançylyk, edermenlik we gaýduwsyzlyk türkmen halkyna asyrlarboýy mahsus bolan häsiýetlerdir. Watana wepalylygyň, ýurdy goramagyň, gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezen şöhratly ata-babalarymyzyň şu günki nesilleri Watan öňündäki mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirýärler. Häzir türkmen esgerleri döwrebap tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edip, nazary, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Watan goragy mukaddesdir”, «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserleriniň ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesillerini, aýratyn-da, Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde, eziz Watanymyza bolan söýgini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Türgenleşigiň dowamynda Ýaragly Güýçleriň häzirki zaman aňtaw-urgy toplumynyň uçarmansyz uçýan enjamlary kesgitlenen beýiklige galyp, nyşanany aňtamak bilen, howadaky söweşjeň nobatçylyga girişdi. Toparlaýyn howa hüjümini serpikdirmek üçin asmana atyjylar ot açyp, söweşjeň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Harby okuw türgenleşiginiň dowamynda harby gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlyk derejeleriniň kämilleşdirilmegi olaryň ussatlyklarynyň we ukyp-başarnyklarynyň barha artmagynyň baş şertleriniň biridir.

Söweşjeň meýilnamalara laýyklykda, güýçlendirilen toparlar goranyşy inženerçilik taýdan enjamlaşdyrmak, ot açyş ulgamyny gurnamak, bilelikdäki hereketleri takyklamak ýaly söweşe taýýarlygyň wajyp esaslaryna erk etmegiň ýokary derejesini görkezdiler.

Howa hüjüminden goranmak bölümleri asmana atyjy toplumlardan ot açyp, garşydaşyň howa giňişligindäki nyşanalaryny ýok etmek arkaly, umumygoşun bölümlerini howa hüjümlerinden penalamak wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Milli goşunymyzyň ösen tehnikalar bilen üpjün edilmegi, harby gullukçylaryň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Harby okuw türgenleşiginde häzirki zaman söweşjeň tehnikasynyň hataryna girýän uçarmansyz uçýan enjamlaryň aýratyn orny bardyr. Olaryň kömegi arkaly ýüze çykarylan nyşanalary, ýagny raketa toplumlaryny ýok etmek meýilleşdirildi. Kesgitlenen nyşana garşy takyk urgynyň geçirilmegi bilen, garşylykly güýçler hatardan çykaryldy. Uzak aralyga hereket edip, howadan aňtaw alyp barýan hem-de urgy edýän söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamlaryň ýokary takyklygy olaryň söweşjeň mümkinçiliginiň esasy aýratynlygydyr.

Häzirki wagtda harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady olary döwrebap tehnikalar we enjamlar, iň täze gämiler bilen üpjün etmegiň, ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynda gämileri gurmagyň hasabyna yzygiderli berkidilýär. Şeýle hem harby deňizçileriň söweşjeň, nazary taýýarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän çäreler görülýär. Görkezme-taktiki türgenleşik okuwlarynyň barşynda harby deňizçiler Ýaragly Güýçleriň goşunlarynyň ähli görnüşleriniň wekilleri bilen sazlaşykly hereket edip, deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny goramak işinde, umuman, döwletiň çäk bitewüligini, türkmen halkynyň asuda durmuşyny üpjün etmekde döwrebap tehnikalara ussatlyk bilen erk edişlerini görkezdiler.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarynyň Watan goragçylary kasamyna ygrarly bolup, mähriban halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemegi özleriniň baş maksady hasaplaýarlar. Bu günki geçirilýän harby okuw türgenleşiginde ýörite maksatly toparlar söweşjeň ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Harby gullukçylaryň bilelikdäki hereketleri olaryň öz öňlerinde goýlan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalary edýändiklerine şaýatlyk edýär.

Ýörite maksatly «Türkmen edermen» topary aňtaw çärelerini geçirip, garşylykly toparlaryň ýerlerini kesgitlediler hem-de uçarmansyz enjamlaryň kömegi bilen nyşanalary belgilediler.

Ýörite maksatly toparlar häzirki zaman awtoulaglarynda hereket edip, ele alnan binanyň daş-töweregini gabawa almak bilen, bikanun ýaraglanan toparlaryň hereketlerini saklamak boýunça söweş hereketlerini alyp barýarlar. Häzirki zaman söweşinde, şäher şertlerinde we ilatly nokatlarda söweş hereketlerini alyp barmakda «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlary möhüm söweşjeň wezipäni ýerine ýetirmäge ukyplydyr.

Ýaragly düzümleriň ýörite maksatly toparlarynyň bilelikde geçiren söweş hereketleriniň netijesinde, bikanun ýaraglanan toparlar uly ýitgä sezewar edilýär. Zabt etmegiň depginini has-da ýokarlandyrmak hem-de şertli garşydaşyň güýjüni doly zyýansyzlandyrmak üçin hereketlere dikuçarlar goşulýar. Dikuçarlaryň kömegi bilen kuwwaty artdyrylan zabt ediji toparlar binanyň üçeginden düşüp, ýokarky gatlaryň penjirelerinden hüjümi amala aşyrýarlar. Olar dessin hereket arkaly zabt etmek, taktiki ot açyş emellerini ýerine ýetirmek, söweş hereketlerinde özara penalamak we dolandyrmak boýunça hereketleri başarjaňlyk bilen alyp barýarlar.

Görkezme harby okuw türgenleşigine gatnaşýan harby gullukçylaryň çalasynlygy, bellenilen kadalar boýunça takyk hereket etmekleri, gaýduwsyzlygy olaryň maksada ýetmek ugrundaky tagallalarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Soňra Ýaragly Güýçleriň döwrebap uçarlary söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirýärler. Howa giňişliginde garşylykly hüjümi ýerine ýetiren goşun bölümlerine howadan goldaw bermek üçin söweşjeň uçarlar söweşe girişýärler.

Howadan hüjüm edýän söweşjeň uçarlar yzygiderli howa urgularyny amala aşyryp, garşydaş nyşanalary hatardan çykardylar. Olaryň bu hereketleri toparyň agzalarynyň söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirmekde häzirki zaman usullaryny we ösen harby tejribeleri mynasyp özleşdirendiklerine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, munuň özi Watan goragçylarynyň watansöýüjiliginden, borja wepalylygyndan habar berýär. Harby türgenleşikler ýaş esgerleriň ýokary hünär derejesini görkezdi.

Harby okuw türgenleşiginiň ahyrynda türkmen esgerleri Watanymyzyň mukaddes tuguny asuda asmanyň ýüzünde erkana parladýarlar. Ýaşyl tugumyzyň öňünde hemişe baş egilip, kasam bilen togap edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzyň buýsanç-mertebesi, göz guwanjy, Watanymyzyň Bitaraplygynyň, özbaşdaklygynyň we Garaşsyzlygynyň nyşanydyr.

Şeýlelikde, ähli düzüm bölümleriniň şahsy düzümi öňde goýlan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirdi. Bu bolsa türkmen döwletiniň asudalygynyň we durnuklylygynyň goragynda duran gaýduwsyz harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygynyň, ussatlygynyň ýokary derejedediginiň aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylaryň Watana wepaly gulluk etmegiň nusgasyny görkezip, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow okuw-türgenleşik merkeziniň ýörite meýdançasynda görkezilen söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar.

Mälim bolşy ýaly, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy we onuň kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanylmagy hem-de öňdebaryjy tejribeleriň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň hemişe üns merkezinde durýar. Edermen Watan goragçylary döwletimiziň şeýle uly aladalaryna jogap edip, öz hünärlerini kämilleşdirýärler, iň täze harby tehnikalara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Şunda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň tutuş kuwwatynyň Türkmenistanda parahatçylygy we asudalygy üpjün edýändigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda harby gullukçylaryň öňünde durýan möhüm wezipäniň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan hem-de Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerini ýerine ýetirmekden, halkymyzyň asuda durmuşyny üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, döwletimiz tarapyndan goşunlaryň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen yzygiderli çäreleriň görüljekdigini nygtady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezen esgerlerdir serkerdelere möhüm we jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde — mähriban Watanymyzyň asudalygyny goramakda üstünlikleri arzuw etdi.

Watan goragçylary döwletimiziň parahatçylygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça mukaddes borjy abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary türgenleşige gelendigi üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hoşallyk bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow