Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy
Syýasat habarlary
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HHR-e iş sapary tamamlandy
Çap edildi 19.10.2023
1670

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, 18-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň we başlangyçly ornuny tassyklady. Şunda energetika, ulag, kommunikasiýalar, ekologiýa, senagata we beýleki pudaklara “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, ykdysadyýetde ýakynlaşmak işini çuňlaşdyrmak ýaly strategik ugurlara üns çekildi.

Şu gün — iş saparynyň tamamlaýjy gününde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Milli Liderimiz hem-de HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Başlyk Si Szinpin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi we Hytaýda mübäreklemäge örän şatdygyny belläp, taryhyň dowamynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara, köpugurly mümkinçiliklere eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda täze, möhüm ädim boldy. Pekinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de resminamalaryň ençemesine gol çekildi. HHR-iň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Başlyk Si Szinpin türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Pekine gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini, döredijilikli halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Başlyk Si Szinpine HHR-e gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan türkmen-hytaý dostlugynyň iki müň ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edip gelýändigini aýtdy. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny ysnyşykly baglanyşdyrypdyr. Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginden Ýewropa tarap geçen Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň şerti bolandygy hemmelere mälimdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky meselä ünsi çekip, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasyny Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň wajypdygyny belledi. Köp ýyllaryň dowamynda bu başlangyç Ýewraziýa sebitinde söwda we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlugyň, özara gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar. Halkymyzyň nesilbaşysy hasaplanýan Oguz handan başlap, türkmen döwletlerinde daşary ýurtly ilçileri serhetde behişdi bedewlerimiz — ahalteke atlary bilen garşylamak asylly däp bolupdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Parfiýalylar Hytaýyň imperatory U Diniň ilçisi Çžan Sýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti serhetde 20 müň atly bilen garşylapdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şular barada aýtmak bilen, diplomatik sowgatlaryň arasynda bedewiň iň gymmatly sowgat hasaplanandygyny belledi. Şol döwürlerde dünýä meşhur bolan we “ganatly bedewler” diýlip atlandyrylan atlar Parfiýa tarapyndan “Asman şalygy” atlandyrylan Hytaýyň imperatorlaryna sowgat hökmünde iberilipdir.

Gadymy türkmenler bolan hunlar Oguz hanyň uly ogly Gün hanyň nesilleridir. Ýewropada hunlary “kunlar” diýip atlandyrýarlar. Gun we Hun sözleri “Gün” diýmegi aňladýar. Hunlar demirgazyk-günbatar Hytaýyň giň çöllerinden Sibire çenli ägirt uly çäkleri eýeläpdir. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň hökümdary Mete han Hytaý imperatorlary bilen gowy gatnaşykda bolupdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Mundan başga-da, VI asyrda ýaşan Göktürkmen döwleti Hytaýyň halky bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklapdyr. Bilge hanyň baştutanlygynda Göktürkmen döwleti has-da gülläp ösüpdir. Şonda Hytaýyň ilçisi Meýluçžou Bilge hana ýakyn we doganlyk gatnaşyklary berkitmegi teklip edipdir. Tan imperatory Sýuan Szun hem Bilge han bilen şertnama baglaşmak isläpdir.

Taryh Hytaý bilen goňşuçylykda ýaşan hunlaryň we Han hytaý neberesiniň arasynda söwda gatnaşyklarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Hunlaryň hökümdary Mete hanyň hökümdarlyk eden döwründe iki ýurduň arasynda birek-biregiň tejribesini öwrenmek babatda gatnaşyklar ýola goýlupdyr. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki türkmenleriň ata-babalary hasaplanýan hunlaryň biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda Hytaýyň hökümdary bilen “Kasam şertnamasy” diýlip atlandyrylan şertnama gol çekendikleri baradaky maglumaty anyk mysal hökmünde getirdi. Bu şertnama iki kuwwatly döwletiň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrypdyr. Bu şertnamada hunlaryň we hytaýlylaryň bir maşgala ýaly bolup ýaşandyklary bellenilýär. Şertnamada: “Goý, biziň ogullarymyz we agtyklarymyz nesillerden-nesillere bu şertnama wepaly bolsun!” diýlip nygtalýar.

Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý we hunlar ozalky şertnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin diplomatik hat alyşmalary ýola goýupdyrlar hem-de hytaý çeşmelerinde Beýik Hun hökümdary Mete hanyň Hytaýyň hökümdary Sýao Wenýuwa ýazan käbir hatlary saklanyp galypdyr diýip belledi. Halkymyzyň meşhur “Huýrlukga-Hemra” dessanyndaky Çyn-Maçyn ýurduna giden//Hatarly kerweniň geldi” diýen setirler hem türkmen we hytaý halklarynyň arasynda Beýik Ýüpek ýoly eýýamyndan başlap, gatnaşyklaryň dowam edendiginiň edebi subutnamalarynyň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlara uzaýan dostluk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini ýene-de bir gezek nygtap, Başlyk Si Szinpine duşuşmaga döredilen mümkinçilik we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, HHR-iň Başlygy bilen duşuşyklar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarda hemişe möhüm ähmiýetli wakalardyr. Şol duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada pikir alyşmaga, aýratyn üns berilmegini talap edýän has möhüm meseleleri ýüze çykarmaga, zerur bolan halatynda, olara kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik döredýär.

Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynda gazanylan özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň, açyklygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli, netijeli we maksada okgunly ösdürilýär. Biz bu hyzmatdaşlygy ösdürip we giňeldip, türkmen hem-de hytaý halklarynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, olaryň birek-birege çuňňur hormat goýmagyna, iki döwletiň häzirki halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, taraplaryň uly ykdysady kuwwatyna daýanýarys diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Hyzmatdaşlygyň şeýle häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Hytaýyň düýpli bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halkara durnuklylygy, howpsuzlygy saklamaga hem-de pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar, derwaýys sebit meseleleriniň ençemesini çözmäge ýardam edýär, Aziýa yklymynda söwda-ykdysady işleri çaltlandyrmagyň we giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.

Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, şeýle hem syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Başlyk Si Szinpine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi we hytaý halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we HHR-iň Başlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän, uzak geljegi nazara alyp ýola goýulýan, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda ilerledilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmak babatda türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Bu komitet netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär.

Ulag-logistika ulgamy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin Türkmenistanyň öňe süren, bu strategik ulgamda sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň möhümdigini nygtady. Şunda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” hem-de “Bir guşak, bir ýol” strategiýalaryny durmuşa geçirmek, olary utgaşdyrmak we özara üstüni ýetirmek babatda gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu babatda bilelikdäki işiň köpýyllyk uly tejribesi toplandy.

HHR-iň Başlygy Türkmenistana bolan saparyny hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzy ýene-de Hytaýa gelmäge çagyrdy.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk ýygnaklar öýünden Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline bardy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy HHR-iň tebigy serişdeler ministri Wan Guanhua we beýleki resmi adamlar ugratdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hytaý tarapynyň wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, uçarda Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili türkmen halkynyň Milli Liderini HHR-e saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagy Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň we jogapkärli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň taraplaryň hoşmeýilli erkine, deňhukukly strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň HHR-iň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen, şol sanda Daşary işler ministrlikleriniň ugry, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlary boýunça duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklarda Hytaýyň Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşy bolmak bilen, köpugurly hyzmatdaşlygy öňe ilerletmek üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi, ýokary derejedäki ýakyn gatnaşyklary saklamagy maksat edinýändigi bellenildi. Olarda syýasy-diplomatik ugur boýunça, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamynda giň gerimli meselelere garaldy.

Taraplar işjeň dialogy ösdürmek hem-de söwda, ulag-kommunikasiýalar, lukmançylyk, saglygy goraýyş, ylmy-tehniki innowasiýalar, sanly ykdysadyýet we beýleki ulgamlarda bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin yzygiderli duşuşyklary ýola goýmagyň zerurdygy baradaky bir pikiri beýan etdiler.

Soňky habarlar
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iş maslahatyndaky çykyşy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
25.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
top-arrow