Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «CLAAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «CLAAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 26.09.2023
1391

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen geçiren duşuşygynyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, ähli türkmenistanlylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň belleýşi ýaly, «CLAAS» kompaniýasy ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýar we ýola goýlan işewür gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mübärekläp, gutlaglardyr hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, onuň şu saparynyň Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine hem-de «CLAAS» kompaniýasynyň türkmen bazaryndaky işine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasynda ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary ýola goýmakda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunda iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigi tassyklanyldy.

Türkmenistanda indi köp ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy german kompaniýalarynyň ençemesiniň üstünlikli işleýändigi nygtaldy. Şolaryň hatarynda oba hojalyk tehnikalarynyň iri öndürijileriniň biri bolan «CLAAS» kompaniýasy hem bar. Bütin dünýäde belli kompaniýanyň ýokary tehnologiýaly traktorlary we kombaýnlary ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özlerini gowy tarapdan görkezdi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda «CLAAS» kompaniýasynyň okuw merkeziniň açylandygy, Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda ýörite okuw otagynyň hereket edýändigi bellärliklidir.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik hem-de uzak möhletlilik ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow