Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görülýän günlerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça, Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy hem-de gözegçilik edýän düzümleriniň paýtagtymyzda alyp barýan işleri we Aşgabat şäheriniň arassaçylyk, abadanlaşdyryş derejesi bilen tanyşdy. Wise-premýer saparyň jemleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Arkadagly Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda guran iş saparynyň çäklerinde wise-premýer Aşgabat şäherinde gurluşygy dowam edýän Halkara pediatriýa merkezinde, Halkara onkologiýa merkezinde, Halkara stomatologiýa merkezinde, Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary paýtagtymyzda ýakynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen hem tanyşdy. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, bu ýerdäki ähli sport desgalarynyň ýokary taýýarlyk derejesinde bolmalydygyny belledi. Şeýle-de wise-premýer bilim ojaklarynda berilýän bilimiň derejesi, olarda daşary ýurt dillerini netijeli öwrenmek ugrunda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Wise-premýer “Arçman” şypahanasynda degişli binalaryň durkuny täzelemek hem-de häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler bilen hem tanyş boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň jemini jemläp, şäher häkimliginde Aşgabat şäheriniň we etraplarynyň häkimleriniň, şähere degişli ähli düzümleriň degişli ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda iş saparynyň netijeleri, hususan-da, paýtagtymyzdaky lukmançylyk edaralarynyň gurluşygynyň depgini, öňde boljak dünýä ýaryşlaryna taýýarlygyň derejesi we milli bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş, ylym-bilim we sport ulgamlarynyň işi döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilýär. Degişli düzümler üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, halkymyzyň saglygyny berkitmek işleri, lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede ýola goýulmagy döwrüň möhüm wezipesi hökmünde kesgitlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary degişli ugurlarda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanjakdygyny belläp, ýurdumyzyň baş şäherinde şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy we maslahata gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
***
18-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew özüniň gözegçilik edýän Lebap welaýatynda iş saparynda boldy. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda we Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, gündogar sebite guran iş saparynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuna taýýarlygyň derejesi, bu ýerde dürli ulgamlarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda söwda toplumynda, dokma senagatynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümlerinde alnyp barylýan işler ösüşiň täze derejesine çykdy. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda-da söwda ulgamyna degişli döwrebap binalar, önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
Wise-premýer welaýatyň dürli künjeklerinde, şol sanda Türkmenabat şäherinde gözegçilik edýän düzümlerine degişli desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, dokma senagatynyň edaralarynyň iş depginleri, köpugurly bazarlaryň hem-de söwda merkezleriniň halkymyza hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň söwda ulgamyndaky mümkinçiliklerini we pudagyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunda daşary söwda syýasatyna, bu ugurda ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şeýlelikde, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işi döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilýär hem-de söwdanyň häzirki zaman usullary işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyny, söwda medeniýetiniň derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy esasynda ýurdumyzda hususyýetçilik batly depginlerde ösdürilýär. Soňky ýyllarda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürijilikli iş alyp barýarlar.
Wise-premýer iş saparynyň dowamynda Lebap welaýatynda, aýratyn-da, Türkmenabat şäherinde şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak ugrunda amala aşyrylýan işler, welaýatyň merkezi şäheriniň arassaçylyk we abadanlaşdyryş derejesi bilen aýratyn gyzyklandy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew bu ýerde welaýatyň we etraplaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary we şanly baýramçylygy mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. Kesgitlenen wezipeleriň degişli derejede durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşine goşantdyr.
Wise-premýer bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmagynyň wajypdygyny belläp, Lebap welaýatyna guran iş saparynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny tamamlady we hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.