Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 18.09.2023
2636

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň meýdançalarynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol dialog ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu halkara düzüm bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.

Ýewropa Bileleşigi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ykdysady we durmuş taýdan ösdürilmeginiň ileri tutulýan wezipelerini çözmäge gönükdirilen, şol sanda kanunçylyk, bilim, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi ulgamlarynda ýöriteleşdirilen taslamalaryňdyr maksatnamalaryň ençemesini durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalary türkmen ykdysadyýetiniň köp pudaklarynda — nebitgaz toplumynda, ulag, elektrik energetikasy, gurluşyk, aragatnaşyk, kommunikasiýalar ulgamlarynda işleýärler.

Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklaryň esasy ugurlary we bar bolan köpugurly mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda halkara gün tertibiniň energetika howpsuzlygy, Ýewraziýa yklymynda energiýa serişdeleriniň täze üstaşyr ugurlaryny döretmek ýaly möhüm ulgamlary Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde durýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
07.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
05.11
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy
top-arrow