Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Çap edildi 18.09.2023
1342

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

Nýu-Ýork wagty bilen günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň binasyna geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany BMG-niň Baş sekretary mähirli garşylady.

Duşuşyk başlamazdan ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz we bu iri halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň we BMG-niň baýdagynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

BMG-niň Baş sekretary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini nygtady. Mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Antoniu Guterriş türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Gahryman Arkadagymyz bilen bolan duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny mübärekläp we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ony Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň üstünlikli başlanmagy bilen gutlady hem-de onuň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak işine, dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Sekretariatyň ähli işgärlerine bilelikde işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrýandygy nygtaldy. Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyz bu meselelerde hem BMG bilen ysnyşykly gatnaşyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda Aşgabatda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine möhüm orun degişlidir. Merkez işiniň 15 ýyldan gowrak wagtynyň dowamynda özüni häzirki döwrüň täze wehimlerine garşy durmagyň çözgütlerini gözlemekde BMG-niň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky däp bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
27.12
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
27.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
26.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
26.12
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan etmek hakynda
26.12
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
25.12
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
25.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
25.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
25.12
Bitarap Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan dabara
24.12
Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip
top-arrow