Baş sahypa
\
\
Kanuna gyşarnyksyz eýermek—öňde duran saýlawlaryň hökmany şertidir
Kanuna gyşarnyksyz eýermek—öňde duran saýlawlaryň hökmany şertidir
Çap edildi 19.12.2016
1194

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlaw çäreleri dowam edýär. Şu günler Mejlisiň deputatlary Türkmenistanda Saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň işgärleriniň ýardam bermeginde Aşgabatda we welaýat merkezlerinde ýygnaklaryň birnäçesini geçirdiler. Bu çäreleriň maksady —geçiriljek wajyp jemgyýetçilik-syýasy çäräni ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara tejribelerine doly laýyklykda guramakdan ybarat bolup durýar. Ýygnaga ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, häkimlikleriň, ýerli dolandyryş düzümleriniň, ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriň jogapkär ýolbaşçylary, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, saýlaw toparlarynyň agzalary çagyryldylar. Ýygnagyň barşynda, hususan-da, saýlawlaryň öň ýanyndaky tapgyrlar, saýlaw uçastoklaryny enjamlaşdyrmak, saýlawlary guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere, ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň saýlaçylar bilen duşuşyklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmegiň wezipelerine garaldy. Mundan başga-da ýygnaga gatnaşyjylara Saýlaw kodeksiniň düzgünleri jikme-jik düşündirildi. Bellenişi ýaly, milli kanunçylyga laýyklykda ähli dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak we olary saýlawa taýýarlyk maksatnamalary bilen tanyşdyrmak, saýlawyň öňüsyrasyndaky wagyz etmek işini alyp barmak, şol sanda telewideniýede we radioda ýaýlyma çykmaga wagt bölüp bermek, gazetlerde çap etmegiň möçberi we beýlekiler boýunça deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Bu çäreleri guramak saýlaw toparlary bilen birlikde, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we ýerli öz-özüňi dolandyryşyň, edaralaryň , kärhanalaryň we beýleki düzümleriň degişli ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklendi. Saýlaw çäresini hem-de öňde duran Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlary hemmetaraplaýyn beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýeti örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda habar maglumatlaryny taýýarlamaga hem-de Merkezi saýlaw toparynyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleri beýan etmäge toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygy nygtaldy. Syýasatşynaslaryň we beýleki hünärmenleriň gatnaşmagynda tele- we radiogepleşikleri, žurnal-gazet makalalaryny hem-de ilatyň habardarlygyny, türkmen jemgyýetiniň durmuşyna demokratik özgertmeleriň mundan beýläk hem ornaşdyrylmagynda onuň raýat jogapkärligini we ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen köp sanly çäreleri taýýarlamagyň wajypdygyna aýratyn ähmiýet berildi. Mälim bolşy ýaly, ýokary döwlet wezipesine eýýäm üç dalaşgär görkezildi. Häzirki wagtda raýat toparlary öz başlangyçlary boýunça öz dalaşgärlerine goldaw bermek işlerini dowam edýärler. Şeýlelikde, çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary diňe bir uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli waka bolman, garaşsyz ösüşiň täze döwrüni alamatlandyrmalydyr. Bu waka köp babatda möhümdir, ilki bilen bolsa onda ýurduň we saýlawlara gatnaşyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegine çuňňur ynam duýgusy bilen özleriniň tüýs ýürekden çykýan erk-isleglerini mälim etjek ähli türkmenistanlylaryň ykbalynyň şöhlelenjekdigi nukdaýnazardan wajypdyr.

Soňky habarlar
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
06.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
06.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
06.10
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
05.10
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy ugrunda täze üstünliklere tarap
05.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
05.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
05.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow