Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi
Ykdysadyýet
Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi
Çap edildi 14.09.2023
2253

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Biziň umumy tagallalarymyz bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, şeýle hem Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini bellemek gerek.

«Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamagy teklip edýäris. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak we sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi» diýip, Arkadagly Serdarymyz belledi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow