Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Garaşsyzlyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr
Jemgyýet
Garaşsyzlyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr
Çap edildi 11.09.2023
1499

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenýär. Konstitusiýanyň kadalary, Türkmenistanyň kanunlary arkaly adam hukuklary goralýan hem-de kepillendirilýän demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan ýurdumyzda ösüşiň täze tapgyrynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar.

32 ýyl mundan ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala aşyrylyp, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion kanun kabul edildi hem-de Türkmenistan garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda yzygiderli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, ilatyň dürli gatlaklaryny döwletiň işlerini dolandyrmaga çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyzlygyň 32 ýyllyk senesi türkmen halky üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu gün biz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şan-şöhrata we uly üstünliklere beslenýän döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris.

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny öz halkynyň erk-islegine, arzuw-maksadyna laýyk guramagy başardy. Ýurdumyzda başy başlanan beýik özgertmeler halkara derejede ykrar edilen Milli Lideriň häzirki zamanyň görnükli döwlet ýolbaşçysyna mahsus bolan pähim-paýhasyny we öňdengörüjiligini tutuş dünýä açyp görkezdi. Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny daşarky bazarlara çykarmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň kosmosy özleşdirýän döwletleriň hataryna goşulmagy, obadyr şäherleriň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegi, geljegiň, ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy — bularyň hemmesiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli aladalary bardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.

Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Şu döwürde demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň berk binýady tutuldy. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, düýpgöter täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Şu geçen ýyllarda ýurdumyzda azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi, kämil döwlet dolandyryş edaralary döredildi. Döwlet, jemgyýetçilik durmuşyna demokratik ýörelgeler tapgyrma-tapgyr ornaşdyryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede dowam etdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täzeden itergi berildi. Halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde bir palataly parlamentiň döredilmegi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň döwlet tarapyndan kepillendirilmegini, jemgyýetiň ähli ugurlarynda demokratiýanyň, halk häkimiýetliliginiň ösdürilmeginiň üpjün edilmegi türkmen döwletiniň ählitaraplaýyn ösüşlere tarap ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýar.

Ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň döwleti dolandyrmak işine işjeň gatnaşmaklarynyň kepillendirilmegi ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirilmegine hem giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Maslahatda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler bilen bir hatarda, özygtyýarly ösüşiň 32 ýylynyň içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy, mejlisi geçirmegiň senesi kesgitlenildi. Şeýle-de Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi tassyklanyldy. Hormatly Arkadagymyz degişli resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasyny hem-de onuň düzümini tassyklamak hakynda resminamalara gol çekmek bilen, umumyhalk forumyny ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere badalga berdi.

Islendik döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşiniň ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nazara almak bilen, ýurdumyzda bu möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Asylly däbe görä, şu ýyl Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda birnäçe täze bilim edaralary, şol sanda çagalar baglary, umumybilim berýän orta mekdepler we okuw-terbiýeçilik toplumlary açylyp ulanmaga berildi, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binalar toplumynyň, Mary şäherinde Döwlet energetika institutynyň çäginde täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň we aýlawly ýolda monumentiň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna, şeýle-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabaralaryna gatnaşmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaş nesillerde türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza sarpa goýmagy, Watanymyza, merdana halkymyza wepalylygy we watansöýüjiligi terbiýelemäge bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçmegi ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabarasyny has-da artdyrdy.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna sebitde we atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýa bolan Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasynyň, şeýle hem Aziýa atly sport federasiýasynyň «Sebitde atly sport boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan halkara akademiýa» atly şahadatnamasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «DUISBURG ESSEN» uniwersitetiniň «Iň gowy binagärlik» şahadatnamasynyň, şol ýurduň Fraungofer Energetika ykdysadyýeti we energetika ulgamy tehnologiýasy institutynyň durnuklylyk we öňdebaryjy tehnologiýa baradaky şahadatnamasynyň, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna goşulan umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesine degişli şahadatnamalaryň gowşurylmagy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, şu ýylyň iýun aýynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň tassyklanmagy» häzirki zaman jemgyýetinde ýaş türkmenistanlylaryň tutýan ornuny berkitmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň biri boldy. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekde bitirýän hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Şu ýylda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň şanly seneler sanawyna goşmak barada teklibiň goldanylmagy, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň uly üstünliklere beslenýändigini görkezýär.

Ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak milli parlamentiň esasy wezipeleriniň biridir. Ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler täze taryhy döwürde yzygiderli dowam etdirilýär. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmeginiň ägirt uly ähmiýeti bardyr. Milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň baş wezipesi hem halk baradaky aladadyr. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan taglymatyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bu işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Şu ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm çäre bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Açyklyk we aýanlyk, giň bäsdeşlik, demokratik ýörelgeler esasynda geçen saýlawlar halkymyzyň tutuş taryhynyň dowamynda ygrarly bolan halk häkimiýetlilik däplerini ösdürmegiň ýolunda täze ädim boldy. Mejlisiň täze düzüminde ýurdumyzda hereket edýän üç partiýanyň — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Agrar partiýanyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri bar. Mejlisiň düzümine saýlanan 125 deputatyň 32-si, ýagny deputatlaryň umumy sanynyň 26 göterimi zenanlar, 40 göterimine golaýy bolsa 40 ýaşa çenli bolan ýaşlardyr. Munuň özi ýaşlaryň we zenanlaryň türkmen jemgyýetinde tutýan ornunyň barha artýandygynyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň deputatlarynyň döredijilikli işlemekleri we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda şu ýyl Aşgabatda Mejlisiň deputatlary üçin ýaşaýyş jaýynyň gurlup ulanmaga berilmegi muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Häzirki wagtda halkyň saýlan wekilleri ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek boýunça wajyp meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşýarlar.

Şu günki günde adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ykdysadyýeti, durmuş syýasaty ulgamyny, ylym, bilim, medeniýet hem-de ýaşlar syýasatynydyr sanly ulgamy, daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we obasenagat toplumy, Türkmenistanyň daşary syýasy işi, ýerli wekilçilikli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, saýlaw ulgamy ýaly ugurlarda kanunçylygy, onuň kadalaryny kämilleşdirmäge aýratyn orun berilýär. Döwrüň ruhuna laýyk gelýän kanun taslamalaryny taýýarlamak, milli kanun çykaryjylyk işini täze derejä çykarmak esasy wezipe bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 20-nji aprelinde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunlary, «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda», «Brýussel şäherinde kabul edilen we Üýtgetme girizmek baradaky Teswirnama arkaly üýtgetme girizilen Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýa goşulmak hakynda», «Arkadag şäheri hakynda», «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kabul edilýän kanunlar ýurdumyzyň raýatlarynyň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň iş ýüzünde üpjün edilmegine, her bir adamyň ýaşamaga, azat ömür sürmäge, maşgala gurmaga, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, işlemäge, dynç almaga, bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin giň şertleri döredýär.

Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde öňe sürülýän esasy maksat döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän syýasatyň baş maksady ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmekde, kanun çykaryjylygyň iň oňat dünýä tejribesini milli kanunçylyga ornaşdyrmakda, zerur çözgütler esasynda jemgyýetçilik we döwlet durmuşy bilen dahylly meselelerde ýardam bermekde, durnukly syýasy institutlary döretmekde jemlenýär.

Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bilelikdäki iri halkara taslamalar, oňyn başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň halkara resminamalara goşulmagy we halkara hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň berkidilmegi, ilkinji nobatda, ähli gyzyklanýan taraplar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň Mejlisi Parlamentara Bileleşigiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine we Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ol daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki parlament çärelerini guramak arkaly amala aşyrylýar. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmakda, olaryň durmuşa geçirilmegini goldamakda möhüm gural bolup durýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýasynyň işjeň ilerledilýändigini nygtamak zerurdyr.

Türkmenistanyň Mejlisinde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak, dünýä jemgyýetçiligini döwletimiziň içeri we daşary syýasaty, dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak, kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini alyşmak maksady bilen döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň 48-siniň hereket edýändigini bellemek gerek. Mundan başga-da, deputatlar parlamentara forumlara gatnaşyp, beýleki döwletlerdäki kärdeşlerine ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy we ykdysady özgertmeler barada dogry we anyk maglumatlary berýärler, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýyşlary bilen tanyşdyrýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda parlament diplomatiýasyny ösdürmegiň wezipeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy parlamentara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň berk binýadynyň döredilýändigini görkezdi. Türkmen paýtagtynda hemişelik esasda hereket edýän meýdança hökmünde forumyň Sekretariatyny döretmek baradaky ylalaşygyň gazanylmagy, Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanda «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň geçirilmegi, onuň Jemleýji resminamasynyň kabul edilmegi bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2023-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly Merkezi Aziýa sebitleýin maslahatynyň geçirilmegi bu işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolýandygyny görkezdi. Şeýle-de parlamentara diplomatiýanyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, dünýä ýurtlarynyň parlamentarileriniň arasynda duşuşyklar we geňeşmeler geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň «Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş» atly şygar astynda geçen Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşmagy we çykyş etmegi parlamentarileriň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, oňyn döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin täze syýasy-hukuk binýadynyň döredilmegine ýardam berdi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň dekabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy döredildi. 2021-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirildi. Türkmenistan 2022-nji ýylda bu dialogda başlyklyk etdi we onuň çäklerinde birnäçe çäreler geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işjeň tagallalarynyň beýanydyr.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bellenilip geçilýän şu ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary beýan ediler. Ýurdumyzyň täze başlangyçlary syýasy-diplomatik, energetika, ekologiýa we ynsanperwer häsiýetli meseleleri öz içine alýan ählumumy ösüşiň binýatlaýyn ugurlary boýunça netijeli dialogy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, türkmen tarapy bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. BMG-niň degişli edaralary bilen «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlaryň dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň gurallaryny döretmek, sebitara hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, maglumat we tejribe alyşmak üçin meýdançany döretmek, bilelikdäki çäreleridir forumlary geçirmek teklip edilýär. Sebitiň ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, şu ýyl Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek teklip edilýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar.

D.GULMANOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy.

Soňky habarlar
24.11
Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry
24.11
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi
23.11
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
top-arrow