Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
Syýasy habarlar
Arkadag şäheriniň hormatly ýaşaýjylaryna
Çap edildi 29.06.2025
1640

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi ýurdumyzyň taryhynda ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Köpetdagyň gözel künjeginde kemala gelen bu şäher Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, ägirt uly ykdysady kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Ýaşamak, işlemek we dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriň biri bolan Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkitmekde, halkymyzy täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.

Eziz watandaşlar!

Okgunly ösüşlerimiziň hem-de täze taryhy döwrümiziň nyşany bolan Arkadag şäheri halkymyzyň şu günki hem-de geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen innowasion taslamadyr. Ol dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär. Şäherde gurlan ähli binalar we desgalar, ilata hödürlenilýän hyzmatlar, onuň ekologiýa derejesi häzirki zamanyň ýokary talaplaryna hem-de halkara tejribelere laýyk gelýär.

Geçen iki ýylyň dowamynda Arkadag şäherine «akylly» şähergurluşyk maksatnamasy, innowasion mümkinçilikleri, ekologiýa derejesi boýunça ýokary görkezijilerini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalaryň hem-de sylaglaryň birnäçesi gowşuryldy. Bu bolsa şäheriň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, adamlaryň amatly ýaşaýşyny üpjün etmek babatda döredilýän şertleriň ýokary hil derejesine laýyk gelýändiginiň we olaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen täze şäherde bagtyýar durmuş gaýnap joşýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan edara we durmuş maksatly desgalar, örän oňaýly ýaşaýyş jaýlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalary we başga-da köp sanly möhüm binalar ýaşaýjylaryň hyzmatyna berildi. Şäher giň şaýollar, döwrebap yşyklandyryş, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edildi. Şäheriň ilatyna we myhmanlaryna häzirki zaman ulaglary ýokary derejede hyzmat edýär.

Gadyrly watandaşlar!

Eziz Diýarymyzda her bir adamy, maşgalany döwlet tarapyndan goldamak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadag şäherinde hem raýatlarymyzyň müňlerçesi täze iş orunlary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edildi. Hemmetaraplaýyn oňaýly jaýlarda öýi dolandyrmakda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy ýaşaýjylaryň ösen durmuşyny üpjün edýär. Şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertler bar.

Arkadag şäheri döwrebap şähergurluşyk keşbi, innowasion mümkinçilikleri bilen dünýä jemgyýetçiliginde-de uly gyzyklanma döredýär. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesini göterýän bu şäher Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň barha rowaçlanýandygyny äleme äşgär edýär. Bu ýerde halkara forumlaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň, iri medeni çäreleriň ençemesiniň geçirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Biz gözelligi we döwrebaplygy bilen ata Watanymyzyň şanyna şan goşýan bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda hem halkymyzyň bähbidine belent maksatly işleri amala aşyrarys.

Eziz watandaşlar!

Hormatly Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
top-arrow