Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
Ykdysadyýet
Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
Çap edildi 06.09.2023
2371

6-njy sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 31-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, ene toprakdan bol hasyl almagy tüýs ýürekden arzuw etdi.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler. Olar göwnejaý taýýarlanylan topraga «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, soňra nobaty mehanizatorlara berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, ekerançylarymyz geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin niýetlenen oba hojalyk meýdanlaryny öz wagtynda sürüp we gurplandyryp, jogapkärli möwsüme aýratyn yhlas bilen girişdiler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy. Gallaçy daýhanlar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edildi.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol syýasat döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Oba hojalygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri döwlet tarapyndan goldamak boýunça durmuşa geçirilýän netijeli çäreler bu ulgamda öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.

Obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, şol sanda satyn alynýan iň täze kysymly tehnikalar, Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýär. Himiýa senagatynda hem ýokary görkezijiler gazanylýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy mineral dökünler bilen doly üpjün edilýär. Iri maýa goýumlaryň netijesinde, ähli welaýatlarda bugdaý hasylynyň talabalaýyk saklanylmagy üçin döwrebap elewatorlar, degirmen toplumlary hereket edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň we beýleki maksatnamalaryň çäklerinde türkmen obasynyň keşbini düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç», Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi. Maslahatlarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi ekerançylara strategik taýdan möhüm oba hojalyk ekininiň ekişini has amatly möhletlerde, ýokary hilli geçirmäge ýardam eder.

Şeýle hem ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň sergisi guraldy. Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli, aýdym-saz we folklor toparlary konsert maksatnamalaryny taýýarladylar.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow