Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Çap edildi 26.10.2026
37

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Kadaly gögeriş alnan meýdanlarda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap, ilata ýetirmek boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly we agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda hem-de ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilip, ýygymyň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde degişli ideg işleri alnyp barylýar.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, güýzlük ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň, hususan-da, pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edip, ýygymyň depginini güýçlendirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem welaýatda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde hem-de netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda ýetişdirilen şalynyň, güýzlük gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bu ugurdaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz we gysga wagtda ýygnap almak, şeýle hem ýygnalan hasyly pagta kabul ediş kärhanalaryna we harmanhanalaryna tabşyrmak işleri alnyp barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatda şalynyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär.

Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pagta ýygymyna gatnaşýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda we kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda suw tutmak we ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyp, häzirki wagtda ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda ekilen güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň dokma hem-de azyk senagaty pudaklary üçin gymmatly çig mal bolan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.

Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilýän meýdanlary mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlarda azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnap almak işleri dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar we häzirki wagtda hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de hasyly gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlere laýyklykda, ýokary hilli geçirmegi, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny wagtynda tutup, kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz içerki bazarlarymyzy üpjün etmek üçin welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
26.10
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
26.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriniň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy
26.10
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
25.10
“Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen alabaý itiniň eýesini “Toýota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy bilen sylaglamak bellenildi
25.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
24.10
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň VI mejlisi
top-arrow